Türkmen halky kitaplara, şol bir wagtda hem olary ýazan şahyrlara, ýazyjylara hemişe uly sarpa goýup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge dowamat-dowam bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ajaýyp zamanamyzda ýolumyza şamçyrag bolup nur saçýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Ol eserleriň her biri özüniň many-mazmun taýdan çuňlugy, diliniň çeperligi, okyjy üçin sada hem düşnükli dilde ýazylandygy bilen tapawutlanyp, gymmatly gollanma bolup durýar.
Milli Liderimiziň biri-birinden ajaýyp kitaplarynda ata Watana, ene topraga söýgi-buýsanç, ata-enä hormat goýmak, agzybirlik, halallyk, mydama ýagşy umytda bolmak, ahlak we hukuk kadalaryna eýermek, il-ýurduň bähbidini ileri tutmak, milli gymmatlyklarymyza buýsanç şeýle bir çeperçilik bilen beýan edilýär welin, olary gaýta-gaýta okanyňy duýman galýarsyň. Eserlerde taryhy hem durmuşy wakalaryň üsti bilen ýaş nesillere ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän edep-terbiýe kadalary örän çeperçilik bilen ündelýär. Bu bolsa gymmatly eserleriň terbiýeçilik taýdan ähmiýetini has-da artdyrýar.