Ekologiýa abadançylygynyň milli nusgasy

19 Mart 2024
1059

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler.

Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň gatnaşýar. Bereketli topragymyzyň hasyllylygyny artdyrmak, ähli baýlyklaryny gorap saklamak döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadyna öwrüldi.

Rähmet KERIMOW
Çärjew etrabynyň 57-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy