«Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda...»

19 Mart 2024
1312

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Häzirki döwürde dana akyldaryň döredijiliginde ýüzlenen pikirleri dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ugurda aryf-akyldary pikir ummanyna ataran düýş hakyndaky pikirleri özüniň ähmiýeti bilen alymlarda uly gyzyklanma döredýär.

Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda düýşe şeýle kesgitleme berýär: «Düýş — janyň tene, asmanyň zemine berýän içki habary. Ol özge dünýäniň az pursatlyk şu dünýä gelmegi, diňe reňkleriň däl, dünýäleriňem başgaça utgaşygy. Düýşüň ýüzi geljege sary. Ol Allatagalanyň bize geljegi duýmak üçin beren mümkinçiligi. Aslynda «düýş» sözüniň özi «duýuş» kökündendir. Özüniň nurlulygy bilen ol geljegiň nämälimligine açylan gapy, yş. Ol geljegiň özboluşly mümkingadar görnüşi bolup, eýesiniň kimligine baglylykda, onda geljegiňi görmek mümkinçiligi ýatýar. Düýşde öň aýak basylmadyk dünýä aýak basylýar, entek el degrilmedik dünýä el degrilýär. Şonuň üçinem onuň tebigatynda el degrilmediklik, aýak basylmadyklyk aýratynlygy bar».

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.