Köýtendag — tebigatyň täsin eseri

14 Mart 2024
1324

Hawa, Köýtendag — tebigatyň döreden ajaýyp eseri. Bu täsin mekanyň gözellikleri barada taryhda ilki bolup ýunan taryhçysy Diodor Sisiliýaly öz ýazgylarynda ýatlap geçýär. Bu günki gün bolsa Köýtendagyň täsin künjekleri, ol ýerdäki dinozawrlaryň aýak yzlary dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýär.

Köýtendagyň gözel ýerleriniň her biri barada gyzykly eser döredip bolar. Sebäbi ol ýerlere baran ynsanyň kalbynda ylham gaýnap, döredijilik joşguny emele gelýär. Bu täsin mekan barada köp sanly rowaýatlaryň döredilendigini hem şol ylham joşguny bilen düşündirip bolar. Şol rowaýatlaryň birinde Köýtendag ynsanlaryň hemaýatkäri hökmünde öňe çykýar. Rowaýatda gaýduwsyz söweşen Umbar atly ýaş esger ýagynyň agdyklyk etmegi sebäpli, ähli ýoldaşlaryny ýitirýär. Ol uçut gaýanyň gyrasyna gelende, Köýtendagdan hemaýat soraýar. Dag hem ýaş ýigidiň ýürek sesine jogap edip, iki uçut gaýany at böküp geçer ýakynlykda golaýladýar. Şeýdip ýaş ýigidi duşmandan halas edýär. Ýaş esgeriň haýyşy bilen emele gelen jülgä bolsa «Umbar dere» diýen at galýar.

Maýagözel BAZAROWA,
Saýat etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.