Raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň gerimi giňeýär

14 Mart 2024
998

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň aprelinde Aşgabat — London (Gatwik) ugra uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw ozal bar bolan Londonyň Hitrou aeroportuna amala aşyrylýan uçuşlaryň ýerini çalşar. 3-nji aprelden «Boeing 777-200LR» kysymly ýolagçy uçary degişli ugur boýunça uçuşlary hepdede bir gezek amala aşyrar. Bu dünýädäki awiakompaniýalaryň uçuş tertibindäki üýtgeşmeler bilen habarly etmäge ýöriteleşen «AeroRoutes» kompaniýasy tarapyndan habar berilýär.

Londonyň Gatwik howa menzili (LGW), Angliýanyň paýtagt sebitine hyzmat edýän alty sany esasy howa menzilleriniň biri bolup, ol Hitroudan soň ýurtdaky iň işjeň ikinji howa menzilidir.