Ýurdumyzda ylmyň hakyky manysyndaky ösüşi türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamynda başyny başlan beýik başlangyçlary, şeýle hem bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzir ulgamdaky özgertmeler özüniň ajaýyp miwelerini eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda-da ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri, halypa alymlaryň, ýaşlaryň bu ugry ösdürmäge goşýan goşandy barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanda innowasion senagat, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda ylmy ösdürmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berilýär, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, ylym ulgamynda düýpli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, dünýä siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň ösüşlerine goşan goşandyny beýik akyldarlarymyzyň edebi, ylmy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.