Suwasty muzeý

14 Fewral 2024
1377

Heýkeltaraş Jeýson de Kaires Teýlor birnäçe ýyl bäri döreden heýkellerini deňiz düýbüne ýerleşdirýär. Şeýlelikde, Meksikanyň Karib deňziniň kenaryndaky Kankun şäheriniň töweregindäki deňiz düýbünde suwasty muzeýi döredildi we häzirki wagtda muzeýde 450-den gowrak heýkel ýerleşýär. 2010-njy ýylyň noýabr aýynda suwda 8  metr aşakda ýerleşdirilen «Sessiz ewolýusiýa» atly eser köplerde gyzyklanma döredýär. Jemi agramy 200 tonna bolan heýkeller 420 inedördül metr meýdany tutýar. Çylşyrymly gurluşy bolan merjen gaýalary bolsa köp jandarlaryň ýaşamagy, iýmitlenmegi we gizlenmegi üçin amatly şertleri hödürleýär.

Dünýäniň iň uly suwasty muzeýi adyna eýe bolan Kankun iki galereýadan ybarat. 8 metr çuňlukda ýerleşýän ilkinji galereýa çümüjilere we ýüzüjilere niýetlenilip döredildi. 4 metr çuňlukda ýerleşýän ikinji galereýa bolsa myhmanlara ýörite gaýyklarda synlamak üçin döredildi. Mundan başga-da, birnäçe suwasty muzeýleri üçin eserler döreden Teýlor «Biziň neslimiz 20  ýyldan bäri tiz ösýän tehnologik, medeni we geografik üýtgeşmelere şaýatlyk edýär. Şol pursatlary hem şu eserler bilen görkezmek isledim» diýip belleýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Gyzylgül AMANLYÝEWA.