Howanyň üýtgemegi: öňüni alyş we uýgunlaşma

8 Fewral 2024
668

Türkmen halky tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň köpdürlüligini aýawly saklamak bilen birlikde, ony ýaşaýşa ylham berýän çeşme hökmünde asyrlarboýy gorap gelipdir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşky gurşawy goramakda, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanyp, onuň durkuny has-da gözelleşdirmekde, adam saglygyny berkitmek babatda arassa howany üpjün etmekde, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakdyr ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli döwrebap işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäde döreýän ekologik meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çärelere hem ýurdumyz işjeň goşulyşýar. Geçen ýylyň dekabrynda BAE-de geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny hem-de howa meselelerini çözmekde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini beýan etmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

2012-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýasynyň maksady döwletimiziň durnukly ösüşini doly üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurduň durnukly ösüşi bolsa, öz gezeginde, howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan täsirlerini gowşatmaga mümkinçilik berýär. Şunda halkara derejede kabul edilen çözgütlerden ugur alnyp, zerur işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy hem bu ugurdaky möhüm ädimdir.

Bahar SAPARGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň bölüm başlygy.