Guşlar haçan göçýärler?

7 Fewral 2024
1283

Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy: ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi... sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýledir. Olar beýleki jandarlara garanyňda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar, köplenç, şol bir ugur boýunça uçup, kenarýakalarda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň ýollaryny dowam etdirýärler. Guşlaryň göçüşleri biri-biriniňkä meňzemeýär. Sakarbaraklar, tersaýaklar, çuluklar (käbir görnüşleri), baýguşlar Gün ýaşandan soň uçsalar, serçeler, sarlar, torgaýlar, garlawaçlar, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler. Ördekler, çarlaklar, çärikler gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda, 50-100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde, aşak gaýdýarlar.

Suw we batgalyk guşlarynyň ýüz müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz aýlary) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghanamyzyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly, Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar. Bu ýere gyşlamaga gelýän guşlaryň iň köp sanlysy sakarbaraklardyr. Umuman alnanda, Hazar deňziniň türkmen böleginiň suwly, batgaly haýyrlanylýan ýerleriniň kenarlarynda almabaş, gyzylbaş, garamtyl, kekilli garamtyl, ýaşylbaş, sykylykçy jünekeý ördekleriň we beýleki suw guşlarynyň birnäçe görnüşlerine gabat gelmek bolýar. Goraghananyň ylmy we gorag bölümleriniň hünärmenleri guşlaryň göçüşi bilen baglylykda meýdan işlerinde bolup, olaryň görnüş sanyny, mesgen tutan ýerlerini bellige alýarlar.  

Merýem Söýünowa,
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.