Towuk ýumurtgalarynyň önümçiligi ýokarlanýar

5 Fewral 2024
1481

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir. Şu hakykata göz ýetirseň, soňky ýyllarda bütin dünýäde oba hojalygy bilen gönümel baglanyşykly bolmadyk ugurlarda uly üstünlik gazanan halkara kompaniýalaryňdyr tanymal işewürleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen bagly iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişýändigi geň däl. Ilaty ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynda hem ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugra hususy pudagyň wekilleriniň goşant goşmagy has uly öňegidişlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Geljege miras» hususy kärhanasy işleriniň gerimini barha giňeldýär. Ýurdumyzda ilkinji bolup motor ýaglarynyň önümçiligini ýola goýan hususy kärhana «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň çäginde döwrebap guşçulyk toplumyny işe girizip, oba hojalyk pudagynda hem işewürlige başlady. Bizem rysgal-berekediň mekany bolan gadymy sebitde gurlan döwrebap toplumda bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdyk.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».