Garsak

30 Ýanwar 2024
1337

Tebigatda meňzeş zatlaryň köp bolşy ýaly, ynsan häsiýeti, sypaty bilen bagly il arasynda aýdylýan meňzetmeler hem az däldir. Mysal üçin, «bürgüt gözli», «şir sypatly» diýen meňzetmeler bilen birlikde «garsak ýaly» diýen söz düzümlerine hem duş gelýäris. Şu ýerde, eýsem, garsak näme diýen sowal ýüze çykyp biler. Garsak tebigata özboluşly gözellik berýän kiçiräk ýabany haýwan. Ol itler maşgalasyna degişli bolsa-da, göwresi kiçi. Muňa garamazdan, ol örän işjeň we çydamly. Şonuň üçin boýunyň kiçiligine, gysgalygyna seretmezden, armazak-irmezek adama «garsak ýaly» diýilmegi ýöne ýere däl.

Garsak (Vilpes Corsac) — aýaklary gysga, daşky sypaty boýunça örän özüne çekiji, tilkiniň çagasyna meňzeş bolup, ýyrtyjylar toparyna degişlidir. Onuň meýdan alamatlary barada aýtsak, tüýi inçe, ýumşak, solak sary-goňrumtyl reňklidir, bedeniniň uzynlygy 50 — 60 santimetr, beýikligi 25 — 35 santimetre deňdir. Bu janawaryň ilki bilen göze ilýän beden synasy onuň ullakan gulaklarydyr. Onuň daşky sypaty we tüýi gyş paslynda has-da göze ilginç bolýar. Garsak giňden ýaýran ýyrtyjylaryň biri bolup, olaryň ýaýran ýerleri tutuş Aziýa we Ýewropa döwletleridir. Biziň ýurdumyzda ýarymçöllükler, sähralar, dag etekleri, garsaklaryň ýaşaýan ýerleri bolup, köplenç alakalaryň, alaňgyrtlaryň sürenleri olar üçin gaçybatalgadyr, şeýle hem sakartorsugyň, tilkileriň sürenlerinde hem seýrek görünýärler.

Akmyrat REJEPOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň «Türkmen sährasy» döredijilik toparynyň hünärmeni.