Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsi öwrenilýär

29 Ýanwar 2024
905

Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, onuň baý tebigy we biologiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak ýurdumyzyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanda deňziň ekologiýa taýdan abadan saklanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Künjegiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň ýüzlerçe görnüşleri dünýäniň biologik dürlüliginiň bahasyz genofonduny düzýär.

Maglumatlara laýyklykda, indi köp wagtdan bäri Hazar deňzinde gabat gelýän ötegçi we ülkämiziň suwly-batgalyk ýerlerinde gyşlaýanlaryň iň köp sanlysy sakarbarak, derýaçyl we çümüji ördeklerdir. Ýöne adalaryň, gaýalaryň amatly ýerlerinde, çägesöw zolaklarda köpçülikleýin höwürtgeleýän jübtünlere, çarlaklara, deňiz kepderilerine, kiçi çiriklere tomus aýlarynda has hem köp gabat gelmek bolýar. Bu ýerde dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmeýän ösümlikleriň görnüşleriniň bardygyny bellemek gerek.

Şahymerdan SARY OGLY,
TDP-niň Türkmenbaşy şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.