Häzirki wagtda dünýäde kagyz gaplamalara bolan isleg ýylsaýyn artýar

29 Ýanwar 2024
1479

Ak bugdaý etrabynyň Senagat zolagynda ýerleşýän «Ýedidogan» kärhanasy daşky gurşaw üçin zyýanly gaplaryň ornuny tutup biljek ekologiýa taýdan arassa dürli önümleri öndürýär. Bular elde göterilýän towly tutarly bukjalar, tutarsyz bukjalar, kagyz gaplary, agzy açyk haltalardyr. Kärhananyň önümleri gündelik durmuşda azyk saklamak we dürli önümlerii çalt we ygtybarly eltip bermek üçin giňden ulanylýar. Kagyz haltalar moda we bezeg serişdelerinden iýmit önümlerine, derman serişdelerine we elektron enjamlara çenli köp dürli harytlary daşamak üçin niýetlenendir. Kompaniýa tarapyndan öndürilýän kagyz haltalar önümleriň gurluşyk, nebit-himiýa, azyk, oba hojalygy we başga-da birnäçe görnüşler üçin ulanyp bolýan ekologiýa taýdan arassa, döwrebap gaplamalardyr.

«Ýedidogan» önümçilik üçin zerur çig maly halkara şahadatnamasy bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalaryndan satyn alýar. Önümçilikde ulanylýan kagyz, ýelim we reňkler iýmit önümleri, adam saglygy we daşky gurşaw üçin düýbünden zyýansyzdyr. «Ýedidoganyň» önümleriniň hiliniň ýokarydygyny ISO 9001:2015 halkara şahadatnamasy, azyk önümlerine laýyklyk şahadatnamasy, TDS şahadatnamalary we ygtyýarnamalary tassyklaýar.

Ýakup NEPESOW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.