Mahal-mahal hyruç edip, tebigata gezelenje çykaýmam bar. Güýzüň ortaky aýynda şol günem welaýat merkeziniň golaýyna — Uly Balkan dagynyň etegindäki giňişlige seýle çykypdym. Gün ýaňy guşluga galypdy. Ýagyş-ýagmyr güýçli gelende suw akýan çaýyň kenarynda ösüp oturan ýylgynyň deňine ýetiberenimde, birdenkä ol ýerden alahasyrdy bolup çykan guş uçmakçy boldy, ýöne başa barmady. Sol ganatyny sallap, derrew ýere gondy. Gögümtil kepderiniň ululygyndaky ol guşuň beden gurluşy owadandy, ykjamdy. Kelle tutuşy, çüňki, gözleri, aýaklarynyň dyrnaklary laçyna çalym edýärdi. Arkasy meneksiz açyk çypar, guýrugynyň etegrägi açyk reňkli we ujy gara zolakly guşuň agramy 200 gram töweregidi.
Men hemişe-de tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi babatda sowal dörese, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy Öwlüýaguly Gurbanowa jaň edýärin ýa-da ýanyna ýöriteläp barýaryn. Onuň tebigatyň täsinlikleri, dürli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklary barada berýän gürrüňleri özüne bendi edýär. Beýle guşy ozal ýakyndan görmänim üçin, onuň nähili guşdugyny bilmek höwesi bilen bu gezegem Öwlüýaguly aganyň ýanyna bardym. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, ol bolan wakany aýdaryma mähetdel: