Rowaçlygyň çeşmesi

17 Ýanwar 2024
1947

aşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, şeýle hem iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy hem ozaly bilen ekologiýa abadançylygyny berkitmek maksadyny göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen dürli çäreler durmuşa geçirilýär. Tutuş ýaşaýşymyzyň ekologiýa abadançylygyna baglydygy baradaky düşünjäniň ösmegi daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak babatda kanunçylygyň ösmegine hem düýpli täsirini ýetirdi. Tebigaty goramak we ondan rejeli peýdalanmak babatda täze kanunlaryň uly topary kabul edildi. Şolaryň hem birnäçesi wagtyň geçmegi we täze şertleriň peýda bolmagy netijesinde gaýtadan işlenildi. Meselem, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi gaýtadan işlenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Ekologiýa kanunçylygyny döwrebap üýtgetmek işi häzirki wagtda hem dowam edýär.

Daşky gurşawy goramaklyga gönükdirilen esasy ugurlary kesgitleýän binýatlyk kanun — tebigaty goramak işiniň esasy ýörelgelerini we wezipelerini tertipleşdirilen we jemlenen görnüşde beýan edýän «Tebigaty goramak hakyndaky» Kanundyr. Bu kanun tebigaty goramak babatynda kadalaryň we düzgünleriň çygryny köp derejede giňeltdi, bu bolsa öz gezeginde, hojalyk işleriniň netijesinde daşky gurşawa edilýän zyýanly täsiriň howpuna hemmeleriň düşünip ugramaklaryna we bilelikde abadançylyk işlerini güýçlendirmäge ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen geçen döwürde daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak babatda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny emele getirmek we ösdürmek boýunça köp işler amala aşyryldy. Ekoabadançylygy üpjün etmek dünýä ähmiýetli mesele saýylýar. Biziň ýurdumyzda hem ekologiýany gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýär. Ekologiýany goramagyň esasy çelgileri döwletimiziň Baş Kanunynda hem aýdyň beýanyna eýe boldy. Daşky gurşawy goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň hukuk binýady ýene-de yzygiderli berkidilýär. Aýratyn-da, atmosfera howasynyň arassalygyny we onuň rejeli peýdalanylyşyny üpjün etmekde, atmosfera ýetirilýän zyýanly himiki, fiziki, biologik we beýleki täsirleriň öňüni almakda, şeýle hem atmosfera howasyny goramakda döwletimiz dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýär.

Gülzada HALNIÝAZOWA,
Çärjew etrabyndaky 60-njy orta mekdebiň müdiri.