Maşgala ojagy mukaddesdir

14 Noýabr 2023
1326

Nesil terbiýesinde milli ýörelgelere daýanmak parasatly pederlerimizden bize miras galan asyllyk ýol-ýörelge bolmak bilen birlikde biziň her birimiz üçin mukaddes borç bolup durýar.

Ata-babalarymyzyň her bir ynsanyň, jemgyýetiň kämilliginiň maşgala ojagyndan başlanýandygyny takrarlaýyşlary ýaly, maşgala milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeridir, terbiýe ojagydyr. Ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidir. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, biz welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary bilen bilelikde bilim, saglygy goraýyş we medeniýet edaralarynyň işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olarda maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti, kanunçylyk taýdan goraglylygy barada gürrüň edilýär. Kümüş saçly enelerimiz çagalary milli ruhda terbiýelemekde, olary päk zähmete ugrukdyrmakda zenan maşgalalaryň ornunyň, görüm-göreldesiniň ähmiýetiniň uludygyny belleýärler. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, maşgalalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny bildirýärler.

Leýla HOÇJYÝEWA,
welaýat prokurorynyň seljeriş we hasaplaýyş boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.