Hytaý deňziň üstünden ýokary tizlikli demir ýoly işe girizdi

2 Oktýabr 2023
1711

Hytaýda özboluşly demir ýoluny açdylar. Ol ýurduň günorta-gündogar kenarýakasyndaky üç iri şäheri biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Bu demir ýoly boýunça otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip, 277 kilometr aralygy bir sagatdan  hem az wagtda geçip bilýärler.

Bu ugur boýunça ilkinji otly Fuçžou şäherinden 28-nji sentýabrda ýerli wagt boýunça ir bilen 9.15-de ugrady. Ahyrky nokada ýetmezden ozal otly Putýan, Sýuançžou, Sýamen we Çžançžou şäherlerinde saklandy. Munuň özi Fuçžou bilen Sýamen şäherleriniň arasynda ozal 1 sagat 20 minutda geçilýän ýoly 50 minutda geçmäge mümkinçilik berdi.