Nebit we gaz ýataklarynda bolup geçýän ýaramaz hadysalaryň öňüni almak üçin çylşyrymly düzümli erginler döredilýär. Köp ýyllaryň dowamynda nebit we gaz känleriniň guýularynda daşary ýurtlarda geçirilen senagat işleri köpürjikli erginleriň ýokary netijeliligini subut etdi.
Ilkinji gezek köpürjikli erginler 1962-nji ýylda ABŞ-nyň Newada ştatynda 1630 mm diametrli guýy burawlananda ulanyldy. Häzirki wagtda köpürjikli erginler guýular burawlananda we özleşdirilende ABŞ, Kanada, Oman, Liwiýa we Eýran ýaly daşary ýurtlarda netijeli ulanylýar. Şeýle-de ýeňilleşdirilen köpürjikli erginler Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ulanyşyň ahyrky tapgyrynda işlenip geçilýän gaz känlerini özleşdirmek üçin ulanylýar.