Meşhur köprüler

9 Awgust 2023
1201

Äpet geçelge

«Öresund» köprüsi dünýäniň meşhur geçelgeleriniň biridir. Ol Şwesiýa bilen Daniýanyň arasyndaky Öresund bogazyndan geçýän iki zolakly demir ýoldan we dört zolakly awtomobil ýolundan ybaratdyr. Bu köpri Ýewropadaky demir ýol we awtomobil ulaglary üçin niýetlenen iň uly köpri bolup, ol iki gatdan ybaratdyr. Köpriniň diregleriniň beýikligi 204 metre barabardyr. Köpriniň umumy uzynlygy 7845 metr bolup, bu Şwesiýa bilen Daniýanyň arasyndaky ýoluň, takmynan, ýarysyna deňdir. Onuň beýikligi deňiz derejesinden 57  metr beýiklikde ýerleşýär. Äpet köpri bogazyň ýarysynda gutaryp, ol deňziň aşagyndaky tunel bilen birleşýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Çynar MÄTJIKOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.