«7/24 tm» № 27 (162) 03.07.2023
Hazaryň türkmen kenarynda döredilen halkara derejeli häzirkizaman şypahana zolagynyň düzümleriniň üsti ýylyň-ýylyna täze desgalar bilen ýetirilýär. Bary-ýogy soňky onýyllygyň dowamynda bu täsin künjek jennet mekanyna öwrüldi. Bu ýere her tomus möwsüminde müňlerçe adam dynç almaga gelýär. Şunda tutuş ýylyň dowamynda dynç almak üçin, şol sanda maşgala bolup gelmek üçin hem-de wagtyňy gyzykly geçirmek ugrunda ýokary şertleriň döredilendigini bellemek gerek, muňa türkmenistanlylar we daşary ýurtly myhmanlar mynasyp baha berýärler.