Paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ylymlar güni mynasybetli guralan bu forum ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Foruma Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ugurdaş institutlaryndan, ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, mugallymlar we ýaş oýlap tapyjylar bilen birlikde, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Wýetnamyň, Russiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Diýarymyzyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezi bolan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş mugallymlaryň taýýarlan innowasion taslamalarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň synag-tejribe we eýýäm önümçilige ornaşdyrmak tapgyryndaky innowasion hem-de kompýuter tehnikalary, mikroelektronika, biotehnologiýa, himiýa, interaktiw enjamlaşdyryş ugurlaryndaky institutlarynyň işläp taýýarlamalary görkezildi.