Ýaş alymlar sylaglanyldy

22 Iýun 2023
1585

12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda her ýylda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Döwlet derejesinde we ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän abraýly bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.

Ylmy bäsleşige gatnaşýan zehinli ýaş alymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleriniň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplarynyň, düýpli hem-de amaly ylma isleg bildirýän dürli hünärdäki ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar dabara hormatly myhman hökmünde çagyryldy.