Ylym — bagtyň çyragy

12 Iýun 2023
1254

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa partiýamyzyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.

«Ylym bagtyň çyragydyr, nurana geljegiň ak ýoludyr» diýen at bilen geçirilen bu maslahatda döwletimiziň ylmy innowasion ösüşiniň geçen taryhy ýoly, dünýäniň ylmy gazananlarynyň jemgyýetimize yzygiderli ornaşdyrylyşy, ýurdumyzda öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň alyp barýan işleri dogrusynda çykyşlar edildi. Aýratyn hem, döwletimiziň ylym-bilim babatyndaky üstünliklerine, öňdebaryjy döwletler bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyna, soňky ýyllarda ýaşlaryň ylmy gözleglere ymtylmalarynyň has-da artmagyna ýokary baha berildi. Maslahat döwletimiziň ylmy we ykdysady kuwwatynyň beýgelmegi, täze tehnologiýalaryň önümçilik düzümlerine giňden ornaşdyrylmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdylan hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

Gunça ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.