«Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi saýtynda Aşgabada we beýleki ugurlara biletleri alyp boljak daşary ýurtlardaky edaralarynyň we wekilhanalarynyň täzelenen sanawyny çap etdi.
Täze sanawa laýyklykda Russiýada türkmen howaýollarynyň biletlerini satmak bilen 6 edara meşgullanýar. Olardan 5-si edara Türkiýede hereket edýär, ikisi — Birleşen Arap Emirliklerinde, üçüsi — Gazagystanda, ikisi —Tailandda, şeýle hem Hindistanda, Beýik Britaniýada, Germaniýada we Hytaýda hersinde bir ofis hereket edýär.