Gissar galasy
Bu binalar toplumynyň ilkinji nusgasy 3000 ýyl töweregi mundan ozal gurlupdyr. Gissar galasy Täjigistanyň gözel künjekleriniň biri bolan Gissar jülgesindäki Kanaka derýasynyň boýunda, ýurduň gözel paýtagty Duşenbe şäheriniň, takmynan, 26 kilometr günbatarynda ýerleşýär. Bina asyrlaryň, ýyllaryň dowamynda birnäçe gezek täzeden gurlup, bejergi berlip, täzeçil öwüşginler girizilipdir. Soňky maglumatlara görä bolsa, bu binalar toplumy biziň eýýamymyzdan öňki 550-nji ýyllar töweregine, ýagny Siriusyň ilkinji döreden Beýik Pars imperiýasynyň döwürlerine degişlidir. Binalaryň asyl nusgasynyň köp bölegi wagtyň geçmegi bilen täzelenişe sezewar bolýar. Häzirki günlere çenli saklanyp galan, mundan, takmynan, 500 ýyl töweregi ozal gurlan bölegi bolsa onuň içindäki derwezesidir. Bu taryhy syýahatçylyk zolagyny görmäge gelýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Aýratyn hem, dynç alyş günleri bu ýeri has köp adamly bolýar. Şäherden bu ýere gelmek üçin döwrebap awtobus hyzmaty ýola goýlupdyr.