Türkmen halky şöhratly taryhymyzda milli gymmatlyklary döredipdir, tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, ajaýyp bedewleri seýisläpdir. Ussat seýisler bedew atlaryň gözel, ýyndam, ynsan gylykly bolmagy üçin ideg edipdirler. Şeýle hem bedewleri dürli görnüşli bezeg şaýlary, at esbaplary bilen bezäpdirler. Hut şeýle bezeg şaýlarynyň özi hem bedew atlara bolan buýsanjyň aýdyň nyşanydyr. Ökde zergärleriň elinden çykan, altyn çaýylan at esbaplary bedewleriň gözelligi bilen sazlaşyp, ajaýyp öwüşgin berýär. Bezeg şaýlary ýasalanda, köplenç altyn-kümüşden peýdalanylypdyr we onuň durnuklylygyna aýratyn üns berlipdir. Şaý-sepler bilen bezelen bedewlerimiz has owadan, syratly görünýär. Başy uýanly, boýny alagaýyşly, kükregine göwüsbent dakylan atdan gözüňizi aýryp bilmersiňiz.
Gözelligi, ýyndamlygy göreni haýran galdyrýan behişdi bedewlerimiziň hemmesiniň diýen ýaly boýunlarynyň ölçeginiň deňräk bolandygy sebäpli, bir ata niýetlenen alagaýyş beýleki atlara-da bolupdyr. Alagaýyş ýüzi nagyşlanan gaýyş esbap bolup, atyň boýnuna dakmaga niýetlenendir.