"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim ulgamynda

Täze okuw ýylyna taýýarlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ylmy-usuly binýady barha berkidilýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda täze okuw ýylynyň öň ýanynda geçirilýän mugallymlaryň awgust usuly-amaly okuwlary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini abraý bilen çözmekde bilim işgärleriniň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine esasy orun degişlidir.

Mek­dep ba­zar­la­ry ila­tyň hyz­ma­tyn­da

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ata-ba­ba ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz do­wa­mat-do­wam bol­ýan Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn ga­dyr-gym­mat go­ýul­ýar. 1-nji aw­gust­dan — 5-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam ed­ýän mek­dep ba­zar­la­ry bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän mö­hüm hem-de döw­let­li çä­re­dir.

Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Özara pikir alşyldy

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyryň ömri we döredijiligi, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak barada çykyşlar boldy. Sapagy guramagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.  Maslahatyň barşynda mugallymlar dürli temalar boýunça taýýarlanan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde mugallymlaryň usuly-amaly okuwy işjeň ýagdaýda geçdi. Okuwda okatmagyň usullary, usulyýet tärleri, okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde mugallymlaryň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hakynda maslahatlaşyldy. Onda etrabyň 25-nji orta mekdebiň mugallymy Agageldi Hojaýew, 24-nji orta mekdebiň mugallymy Şageldi Ýabanow çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň ösüşlerine berýän ýardamlaryna çäksiz alkyş aýtdylar. Şeýle hem başlangyç synp okuwçylaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan şahsy kompýuterler sowgat berilmeginiň ähmiýetli taraplary dogrusynda bellediler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guralýar.Ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän okuwlar mugallymlaryň özara pikir alyşmagyna hem-de tejribe toplamagyna uly ýardam edýär. Mugallymlaryň okuw tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän maslahatlar ähli mugallymlarda uly täsir galdyrýar. 16-njy awgustda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwy hem işjeň ýagdaýda geçdi. Bu ýerde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýollary, usullary, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny we sapaklary täzeçe usulda guramagyň ýollary hakynda aýratyn gürrüň edildi. Okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy barada çykyşlarda bellenildi. Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.

Tejribe alşyldy

Gyzylarbat etrap bilim işgärleriniň 16-njy awgust güni geçirilen usuly-amaly okuwlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçildi. Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary guraldy.

Tejribe alşyldy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw maslahatynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni Aýna Baýjanowa, takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 69-njy orta mekdebiň mugallymy Hallygözel Baýramowa çykyş etdiler. Olaryň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary», «Başlangyç synplarda okuwçylaryň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen temalaryň üstünde aýratyn durup geçdiler. Bular boýunça sowal-jogaplar hem alşyldy.  Aýna JORAÝEWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär

16-njy awgustda Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde himiýa dersi boýunça okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewanyň «Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça çykyşy täsirli boldy. Onda mugallymlar sapagy täsirli guramagyň usullary, görkezme esbaplary ulanmagyň ähmiýeti, okuwçylaryň kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklarynyň ähmiýetli taraplary barada hem maslahatlaşdylar. Ýaş hünärmenlere halypa mugallymlaryň iş tejribelerinden öwrenip, sapagy kämil usulda guramalydygy dogrusynda hem maslahatlar berildi. Japarguly GAROWOW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.

Tejribeler kämilleşdirilýär

Şu gün, 16-njy awgustda Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň 15-sinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 7-sinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryny geçirmek meýilleşdirildi. Usuly-amaly okuwlarda bilim işgärleri «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», bilim ulgamyna degişli kabul edilen beýleki Konsepsiýalara laýyklykda okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bilim işini döwrebap guramak boýunça peýdaly maslahatlar diňlenildi.

Täsirli geçdi

Sakarçäge etrabynyň 5-7-8-nji çagalar bakja-baglarynda terbiýeçileriň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Bu usuly-amaly okuwlara etrabyň 18 sany çagalar baglaryndan 80-den gowrak terbiýeçi gatnaşdy. Usuly-amaly okuwlarda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020—2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipeler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle-de, okuwlaryň dowamynda tejribeli terbiýeçileriň taýýarlan  slaýd şekillerine,  sapaklaryna hem tomaşa edildi.  

Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.

Çäksiz mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek ugrunda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi durmuş-ykdysady ösüş babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda amala aşyrylýar. Bu ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy doly sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni hem-de kämil işleri öwrenmek we özleşdirmek zerurdyr, diňe taýýar çözgütlere däl-de, eýsem, öz ylmy tehnologik kuwwatymyza esaslanan sanly nusganyň döredilmegini ugur edinmelidir. Bu ugurda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenen çäreleriň amala aşyrylmagy maglumat-bilim gurşawyny döretmäge hem-de ähli tapgyrlardaky okuwy elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, halkara ülňülerine laýyk derejesinde ugurdaş usulyýetleri kämilleşdirmäge ýardam etmelidir.

Ab­raý­ly bäs­le­şik­den 14 me­dal!

Türk­men ta­lyp­la­ry 5 — 11-nji aw­gust­da Bol­ga­ri­ýa­nyň Bla­go­ýew­grad şä­he­rin­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­nyň Bir­le­şen Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Lon­don uni­wer­si­te­ti­niň kol­le­ji­niň ýurt­da­ky Ame­ri­kan uni­wer­si­te­ti bi­len gu­ran 31-nji hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka bäs­le­şi­gi­ne (IMC — 2024) gat­na­şyp, üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. 60-dan gow­rak ýurt­dan 400-den ag­dyk ta­lyp bäs­le­şen olim­pia­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň, Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň, Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry gat­na­şyp, olar­dan 14-si dür­li de­re­je­dä­ki me­dal­la­ra, has ta­ky­gy, 3 al­tyn, 3 kü­müş, 8 bü­rünç me­da­la we hö­wes­len­di­ri­ji Hor­mat hat­la­ry­na my­na­syp bol­du­lar. Bäs­le­şi­ge 60-dan gow­rak ýur­duň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len «The Most Ef­fective Te­am Lea­ders in IMC — 2024»

Gel­jek­ki hi­mik­le­riň Er-Ri­ýad­da­ky üs­tün­li­gi

Ýur­du­my­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 56-njy hal­ka­ra hi­mi­ýa olim­pia­da­sy­na gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Bu ab­raý­ly hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy­na dün­ýä­niň 87 döw­le­tin­den 387 okuw­çy gat­naş­dy. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy R.Ju­ma­ýew we 12-nji synp okuw­çy­sy A.Ata­ja­no­wa kü­müş me­da­la, şeý­le hem şol mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy D.Döw­le­tow, 12-nji synp okuw­çy­sy J.Ak­my­ra­do­wa bü­rünç me­da­la my­na­syp bo­lup, hi­mi­ýa der­sin­den ýo­ka­ry bi­lim de­re­je­le­ri­ni gör­kez­me­gi ba­şar­dy­lar.

Bilim işgärleriniň iş tejribeleri artdyrylýar

15-nji awgustda Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-­nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda pedagogik işgärleriň öňünde durýan wezipeler» diýen tema boýunça çykyşlar edildi. Olar bu Konsepsiýa laýyklykda,  okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny we endiklerini kämilleşdirmekde, şahsyýete gönükdirilen okuwy kemala getirmekde innowasion çemeleşmelerden peýdalanmagyň ähmiýetli taraplary dogrusynda aýdyldy. Multimedia tagtasynda taýýarlanan tanyşdyryşlara hem tomaşa edildi. Altyngözel GURBANDURDYÝEWA,Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.

Okuw maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, paýtagtymyzda 12—16-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ABŞ-nyň «Iňlis dili hünärmeni» atly maksatnamasynyň çäginde bilim işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda iňlis dilini özleşdirmekde, kämil dil öwrediş serişdelerini artdyrmak bilen baglanyşykly dürli çäreleri geçirýär. Internet ulgamy arkaly alnyp barylýan maksatnama hünär kämilleşdiriş mümkinçiliklerinden ybarat bolup, iňlis dili mugallymlary we bilim işgärleri üçin niýetlenendir. Ady agzalan maksatnama sekiz hepde okuw möhletinden ybarat bolup, iňlis dilini öwretmegiň esasy ugurlaryny öz içine alýar. Geçirilen okuw maslahatynda ABŞ-nyň Teýlor uniwersitetiniň professory hanym Nensi Aklesiň çykyşy täsirli boldy. Ol iňlis dilini okatmagyň usulyýetinde özüniň toplan tejribesini türkmenistanly kärdeşleri bilen paýlaşdy.

Türkmen talyby — ÝUNESKO-nyň baýragynyň eýesi

12 — 14-nji awgustda Gazagystanyň Almaty şäherinde «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» atly ÝUNESKO-nyň üçünji halkara modeli geçirildi. Onda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Abdyleziz Saryýewiň işi «Iň gowy pikir we çemeleşme» ugry boýunça ýeňiji boldy. Dünýäniň 52 ýurdundan gatnaşyjy talyp ýaşlary bir ýere jemlän çäre iki sessiýadan ybarat bolup, olarda strategik teklipler tanyşdyryldy, sowallaryň we jogaplaryň sessiýalary, rezolýusiýalara ses bermek, şeýle hem ÝUNESKO-nyň we beýleki halkara guramalaryň bilermenleri bilen onlaýn sapaklar geçirildi.

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütler eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna berilýän uly üns zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlara halkara ülňülere gabat gelýän bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we ýokary tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we milli ýörelgelerimize esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynda göz öňünde tutulan wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, täze taryhy döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryny, hünär öwrenmeklerini we  ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny utgaşykly ýola goýmaklyga gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Talyplyk bagty

Zehinli ýaşlara giň ýol Talyplyk bagtyna mynasyp bolmak täze taryhy eýýamyň bagtyýar ýaşlarynyň müňlerçesine miýesser etdi. «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip, olara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, zehinli ýaşlaryň müňlerçesi özleriniň saýlan hünäri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby boldular. Şanly ýylda talyp bolan ýaşlarymyzyň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.