Ylym-bilim ulgamy — döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň binýady

16 Awgust 2024
495

Ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Şu maksatlar bilen, milli ylym-bilim ulgamynyň hukuk esaslary pugtalandyrylyp, bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagy boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Iri halkara guramalar, ylmy merkezler bilen ýokary tehnologiýalar ulgamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki ugurdaş düzümlerde ylmy barlaglaryň üstünlikli geçirilmegi, bu babatdaky işleriň giň gerime eýe bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara baglanyşykly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär.