Röwşen geljegiň binýady

14 Awgust 2024
547

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütler eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna berilýän uly üns zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýaşlara halkara ülňülere gabat gelýän bilim-terbiýe bermek maksady bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgerişler sanly we ýokary tehnologiýalara, dünýäniň öňdebaryjy tejribesine we milli ýörelgelerimize esaslanýar. Ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynda göz öňünde tutulan wezipeler işjeň durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, täze taryhy döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryny, hünär öwrenmeklerini we  ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny utgaşykly ýola goýmaklyga gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Enejan ŞAMYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy.