"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Fortepiano — owazlaryň sazlaşygy

Saz gurallary baradaky gürrüňiň taryhyny alymlar baryp paleolit eýýamyna, adamyň daşdan, süňkden we agaçdan dürli gurallary ýasamagy öwrenen döwürlerine alyp gidýärler. Saz gurallarynyň içinde iň gadymylary kakylyp çalynýan saz gurallarydyr. Umuman, taryhyň dowamynda saz gurallarynyň kakylyp, üflenip çalynýan, kirişli... diýen ýaly dürli toparlara bölünýän ençeme görnüşleri döredildi. Olaryň arasynda klawesin, awikodra ýaly saz gurallarynyň kämilleşmeginde dörän fortepiano häzirki döwürde iň meşhurlarynyň biridir. Häzirki zaman fortepianosynyň mehanikasy italýan ussasy Kristofori tarapyndan XVII asyryň ahyrynda oýlanyp tapylýar. Kristoforiniň täze saz guralynda düwmejikleri basanyňda hereket edýän «çekiçjikler» owazy emele getirýän kirişleriň aşagynda ýerleşipdir. Bu saz guralyny “gravicembalo col piano e forte” — “pianoforte” diýip atlandyrypdyrlar. Ýöne soňlugy bilen onuň fortepiano ady ýörgünli bolupdyr.

Halypa-şägirtlik ýörelgesi — kämilligiň mekdebi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň şäheriň medeniýet bölümi bilen bilelikde halypa bagşylaryň we ýaş zehinleriň gatnaşmaklarynda geçiren «Halypa-şägirtlik ýörelgesi — kämilligiň mekdebi» atly çäresi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza, esasanam, bagşyçylyk sungatymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bagşyçylyk sungatynda kämillik ýoluny külterläp, bu sungatyň inçe tilsimlerini ele alan, ýaş zehinleriň hem bu ýolda ilerlemeginde hemaýatyny gaýgyrmaýan halypalardyr olaryň şägirtleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda geçirilen duşuşygyň hormatly myhmanlary boldular. Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan, aýdym-sazlary bilen adygan bagşylar çärede bagşyçylyk kesbi barada täsirli gürrüň edip, sowal-lara jogap berdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Ussat bagşydy

Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra halkymyzyň edebi mirasyna, däp-dessurlaryna, aýdym-saz sungatyna has uly üns berlip başlandy. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň aýdymlaryny ýazgy etmek baradaky tabşyryk hem şol üns-aladadan gelip çykýardy. Tabşyrygy berjaý etmek üçin operator Ýegendurdy Baýramalyýew bilen ýola düşdük. Ikimizi Bereket şäheriniň demir ýol menzilinde etrabyň medeniýet bölüminiň şol wagtky müdiri Täçdurdy Hanjanow garşy aldy. Bagşy A. Dawudow bilen bolsa ozal hem tanyşlygym bardy, çagalyk döwürlerim golaý goňşy bolup ýaşapdyk. Onuň bilen welaýat boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiklerine emin agzasy bolup gatnaşmagam miýesser edipdi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

8-nji martda ýurdumyzda Halkara zenanlar güni baýram edildi. Milli ýörelgelere laýyklykda geçirilýän bu baýram döwletimizde gelin-gyzlara bolan mähirli gatnaşyklary äşgär edýär. Täze taryhy eýýamyň zähmetsöýer zenanlary milli ruhy gymmatlyklary hem-de halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny döwrebap derejede dowam etdirmek bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalara işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ugurlarynda zähmet çekýärler, telekeçilik işini alyp barýarlar we ata Watanymyzyň belent derejelere ýetmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmak arkaly jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar.

Toýlarymyzyň taryhyndan

Taryhyň dürli döwürlerinde ýurdumyza gelip gören daşary ýurtly syýahatçylardyr alymlar türkmenleriň taryhy, ýaşaýyş-durmuşy, meşgullanan kärleri barada baý maglumatlary galdyrypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti», «Çaý — melhem hem ylham», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýaly ençeme eserleri hem taryhymyzy we milli däp-dessurlarymyzy öwrenmekde uly gollanma bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän köp sanly ajaýyp däp-dessurlary bar. Şolaryň biri hem gelin toý däp-dessurlarydyr. Türkmen toýlary barada gymmatly ýazgylary galdyran A.Lomakiniň «Türkmenleriň adatlary» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Şerigatyň kanunlaryny berjaý edýän halklaryň arasynda türkmen zenanlarynyň jemgyýetdäki mertebesiniň belent tutulýandygyny aýratyn bellemelidiris. Bu ýagdaý türkmen gyzlarynyň öz islegine görä durmuşa çykjak ýigidini saýlamak meselesinde hem aýdyň äşgär bolýar... Türkmen gyzlary ýüzlerini nykap bilen örtmeýärler. Munuň özi toýdan öň ýigit bilen gyzyň biri-birini ýakyndan synlamagyna, tanyşmagyna mümkinçilik döredýär. Sawçylyk we gudaçylyk dessurlary olaryň hossarlary tarapyndan berjaý edilýär».

Sungata sarpanyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işi döwlet derejesinde rowaçlanýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmekde gazanylýan netijeler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň döwrebap binalary gurulýar, internet serişdeleriniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim ulgamy üçin täze ýokary tehnologiýaly düzümler döredilýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamalaryna garaldy. Şol däp-dessurlaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda toplanan baý tejribe bolan üç täsin milli mekdep: ahalteke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hökmünde dutar saz guralyny taýýarlamak we çalmak, şeýle hem, bagşyçylyk sungaty bar.

Medeni çäreler

Merjen paýtagtymyzyň şanyna Ýakynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde guramagynda, günbe-günden gözelleşip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýän paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli «Gözelligiň paýtagty sen, Aşgabat!» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirdi.

Hyýal atym seniň bilen

Hoş ýakýar hyýalyma senli oýlara berilmek. Olar wagta boýun däl. Geljegiň bagtly pursatlaryny yzyna tirkäp, mahal-mahal serime dolýarlar. Olaryň şirin dady meni ertire — şol süýji oý-hyýallaryň hakykatyň gujagyna doljak günlerine sabyrsyzlandyrýar. Serim senli oýlara berilmäge aşyk. Olar maňa seniň bilen bagly ähli zadyň lezzetlidigini ýamaşgandan ýatladýarlar. Ynha, olaryň birinde sen tegelenipjik duran gaýma tahýaly, merdemsije egniňe haýbat berýän akja köýnekli, meniň yhlas bilen süpürip goýan kiçijek köwüşlerime ýetýän garaja jalbarly — naşyja keşpde birinji synpa okuwa barýaň. Synpyň iň öňdäki partasynda gözjagazlaryňy tegeläp, elleriňi biri-biriniň üstünde goýupjyk otyrsyň. Mekdep durmuşyna öwrenişişiňi synlamak, hemem kim bilýär, munça nätanyşlyklardan ýadyrgap, birden ýumruk ýalyjak ýürejigiň atygsap, synpdan daşyna dagy çykaýsaň, hoşamaýlyk bilen seni yzyňa dolamak üçin hälden bäri synp otagyň daşynda irikgä bolup durun. Özümem senden bäş beter tolgunýan, edil ýaňadan birinji synpa okuwa özüm gidýän ýaly.

Daň ýyldyzy

(Oçerk) 1965-nji ýylyň mart aýynyň başynda dädem kakasynyň ady dakylan agtygyna toý berermen boldy. Çar tarapa çakylyk ugradyldy. Öýüň gündogar tarapynda çadyr guruldy. Çadyryň içine galyň şaly saman düşelip, ortasynda ot ýakar ýaly ojak edildi. Çünki adamlaryň oturmaly ýerleri ýumşak hem ýyly bolmalydy.

Ertekiler dünýäsine syýahat

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Garry möjek hakynda» atly spektaklyň gözden geçirilişi boldy Adam haçan ertekilere, ondaky jadyly wakalara ynanmasyny bes edýärkä? Belki, bes edýän hem däldir. Ahmal, adam akyly goýaldygyça, her bir zatdan çuňňur many yzlap başlansoň, ertekilerdäki wakalara däl-de, olardaky durmuş tejribesine, paýhas zerrelerine üns berýändir. Şondan soň adamda ertekilerdäki wakalardan belli bir netije çykarmak endigi kemala gelip başlaýandyr. Emma çagalar ertekilerden netije çykarmaýarlar, olar oňa ynanýarlar. Belki, iň esasy zat hem şudur, ynamdyr.

Ýaş zehiniň üstünligi

Ýakynda Italiýa döwletiniň Sanremo şäherinde Ýewropa ýurtlarynyň aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň arasynda «Sanremo music» atly halkara bäsleşik geçirildi. Oňa degişli döwletleriň aýdym-saz ussatlary, kompozitorlar, konsertmeýsterler, dirižýorlar, ýaş ýerine ýetirijiler we hor, orkestr ýaly dürli toparlar hem wideoaragatnaşyk esasynda gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Ýewropa ýurtlarynyň 37-siniň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetirijileriň ýaş aýratynlyklaryna we sungat görnüşlerine laýyklykda, 10 sany ugur boýunça geçirilen bu halkara bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň kirişli saz gurallary hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Annamyradowa hem gatnaşdy. Ýaş sazanda nusgawy saz eserlerini ussatlyk bilen çalmagy başarýar. Onuň ýerine ýetiren «Şostakowiçiň I konsertiniň birinji bölümi» atly nusgawy saz eseriniň wideoýazgysy bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň yglan eden şertlerine laýyklykda, degişli internet sahypasynda ýerleşdirildi we ol diňleýjileriň hem emin agzalarynyň ýokary bahasyny alyp, ikinji orny eýeledi we degişli baýragyň diplomy bilen sylaglandy.

Medeniýet milletimiziň mertebesidir

Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir» diýip, bellemek bilen, ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi, şeýle-de sungatymyzy ösdürmäge, baý mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýar. Eziz Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň bellenilmeginiň ýola goýulmagy we oňa gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimize berilýän ünsüň alamatydyr. Bu ugurdaky tagallalar medeniýet ulgamynda ajaýyp sepgitlere ýetmäge we uly üstünlikleriň gazanylmagyna şert döredýär, şeýle-de bu ulgama degişli edaralaryň işiniň rowaçlanmagyna giň amatlyklary açýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde medeni ojaklaryň ençemesiniň döwrebap, kaşaň desgalarydyr binalary guruldy, bu ulgamyň işgärleriniň ýokary amatlyklarda döredijilikli zähmet çekmegine giň şertler döredildi. Munuň özi medeniýet-sungat işgärleriniň kalbyny has-da joşa getirýär, döredijilikli işlemäge hyjuw berýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynda hem döwrebap medeniýet köşkleridir merkezleriniň, medeniýet öýleriniň hereket edýändigi hem Gahryman Arkadagymyzyň bu ugra berýän üns-aladasynyň netijesidir.

Ýaş zehinleriň başarnygy

Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna zehinli çagalar we çagalar döredijilik toparlary gatnaşdy. Ony etrabyň bilim bölümi hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady. Sahnany bilbil owazly ýaş zehinleriň joşgunly aýdym-sazlary, tans çykyşlary bezedi. Bagtyýar çagalaryň we döredijilik toparlarynyň sungat çykyşlary geljekde milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürjek nesliň kemala gelýändigini alamatlandyrdy. Çykyşlaryň her biri emin agzalarynda uly gyzyklanma döretdi.

Reňklerden dünýä döreden gyz

«Zehin zehinden zyýada» diýilýär. Berkarar Watanymyzda sungatyň dürli ugurlary boýunça tapawutlanýan zehinli ýaşlary göreniňde, şeýle ukyp-başarnykly çagalaryň bardygyna diýseň buýsanýarsyň. Olaryň sanynyň barha artýandygy bolsa has-da guwandyryjy ýagdaý. Elbetde, ýurdumyzda zehin babatda kämilleşmek üçin ähli şertler bar. Şeýle ýaşlaryň biri hem şekillendiriş sungaty boýunça döreden eserleri bilen köpleriň berekellasyna mynasyp bolan Kowsär Abbasowadyr. Kowsär Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy. Ol çagalykdan surat çekmegi gowy görýändigi üçin elinden galamyny düşürenok. Tebigy zehini hem-de surat çekmäge bolan höwesi ony 2016-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň gapysyndan alyp barýar. Ol geçen ýyl mekdebiň nakgaşçylyk bölümini tapawutlanan bahalar bilen tamamlady. Kowsäriň zehini mugallymlarynyň hem ünsüni çekýär. Şeýlelikde, ol döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp başlaýar. Şol döwürde Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň arasynda geçirilen «Aşgabat — ata Watanymyzyň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginde baýrakly orny eýeleýär we Hormat haty bilen sylaglanýar. Şeýle hem şol ýylda özüniň şahsy sergisini gurap, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirligi tarapyndan ýokary derejeli sylaga mynasyp bolýar. «Türkmenistan — parahatçyly

Mukaddeslige mynasyp hormat

7-nji martda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şonuň ýaly-da paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň hemmetaraplaýyn zehini ýokary derejelere göterildi. Häzirki döwürde diňe bir maşgala ojagynda däl, eýsem, döwlet durmuşynyň möhüm ugurlarynda ýurdumyzyň zenanlary ýadawsyz zähmet çekýärler. Olar halkymyzyň köpasyrlyk däplerini we ýagşy dessurlaryny dowam etdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermekde Watanymyzyň gelin-gyzlaryna möhüm orun degişlidir.

Halkara zenanlar gününe bagyşlandy

7-nji martda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert guraldy. Baýramçylyk konserti «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» diýen at bilen taýýarlanan edebi, aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Aýdymçylar, teatrlaryň artistleri, tansçylar, çagalar toparlary kompozisiýanyň çägindäki çykyşlary bilen, ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirdiler.

Agşamyňa Asman aşyk, Aşgabat!

Agşamyňa Asman maýyl, eziz şäherim, çünki seň agşamlaryň diňe bir tebigy ahwalyň yzygiderli gaýtalanmasy däl-de, täze bir sungat eseriniň ýakymy hem ýalkymydyr. Hawa, Aşgabadyň agşamlarynyň hersi öz goýnunda biri-birine sazlaşyp gidýän täsinliklerden pürepürdir. Agşamlaryna paýtagt şäherimiziň iň görkana seýilgähleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähine gezim etseň, dürli çyralaryň, yşyklaryň ýalkymynyň her ýana seçelenip gidýän çüwdürimleriň gözelligi bilen sepleşip gidýändiginiň şaýady bolýarsyň. Ol ýerdäki aýna köprüjikleriň emeli, enaýyja çeşmejikleriň üstünde goýulmagy, köprüden geçýänlere Asmanyň gijeki hoşsurat keşbini aýratyn şekillerde suratlandyrýar. Bu gözellikler gündizem hiç neneň däl welin, agşamlaryna aýna köprülere Aý şuglasy düşende, şuglazar dünýäniň täsin bir tebigy eseri döreýär oturyberýär: Agşamyňa Asman aşyk, Aşgabat,Geldim saňa menzil aşyp, Aşgabat,Seýilgähleň zynatlydyr, görkana,Şygyr ýazdym saňa joşup, Aşgabat!

Arkadagly, ak ýolly, gülle, Türkmenistanym!

Parahatçylyk we ynanyşmak iň bir çuň we gymmatly düşünjeleriň biridir. Halkymyzyň ak bagtydyr, eşretli günleriniň hamyrmaýasydyr, bolçulygyň, berekediň gözbaşydyr. Çünki ýurt parahat, asuda bolanda dünýä lälezar bolýar. Jenneti ýurdumyzyň al-elwan güllere bürenip oturyşyny diýsene! Ynsan kalbynyň bagt açary bolan parahatçylyk bize asuda, erkana, bolelin ýaşaýşy, ýurt abadançylygyny eçildi. Şeýle bolansoň, Watan buýsanjy ýüregimizi joşduryp, zybanymyza şeýle goşgy setirlerini getirýär: Gözümiň göreji,–başymyň täji,Ýüregmiň kuwwaty,–kalbymyň güýji, Sen neneň eziz sen, neneňsi süýji?!, Çar ýanyň lälezar, bossan, Watanym! Men seni bagryma basýan, Watanym!

Medeni çäreler

Hasabat-saýlaw ýygnaklary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine degişli ilkinji guramalarda geçirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynda döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, jemgyýetçilik guramalarynda geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar boldy.

Alabaýyň täze tapylan heýkeli

Hormatly Prezidentimiz Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiligi bilen Türkmen alabaýynyň sap ganly gadymy tohumyny saklap galmak hem-de onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan şeýle toplumlaýyn işler asyrlar aşyp gelen milli baýlyklarymyzy barha baýlaşdyrmakda, giňden wagyz etmekde, ýaş nesli eziz Watanymyza wepalylyk, zähmetsöýerlik we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly eserinde «Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy» diýip belleýşi ýaly, bagtyýarlyk döwrümizde köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýlaryň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek, milli itşynaslyk tejribelerini dikeltmek boýunça asyrlara ýaň saljak işler durmuşa geçirilýär.