Ýakynda Italiýa döwletiniň Sanremo şäherinde Ýewropa ýurtlarynyň aýdym-saz sungatynyň wekilleriniň arasynda «Sanremo music» atly halkara bäsleşik geçirildi. Oňa degişli döwletleriň aýdym-saz ussatlary, kompozitorlar, konsertmeýsterler, dirižýorlar, ýaş ýerine ýetirijiler we hor, orkestr ýaly dürli toparlar hem wideoaragatnaşyk esasynda gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Ýewropa ýurtlarynyň 37-siniň sungat wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetirijileriň ýaş aýratynlyklaryna we sungat görnüşlerine laýyklykda, 10 sany ugur boýunça geçirilen bu halkara bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň orkestr saz gurallary fakultetiniň kirişli saz gurallary hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýlar Annamyradowa hem gatnaşdy.
Ýaş sazanda nusgawy saz eserlerini ussatlyk bilen çalmagy başarýar. Onuň ýerine ýetiren «Şostakowiçiň I konsertiniň birinji bölümi» atly nusgawy saz eseriniň wideoýazgysy bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň yglan eden şertlerine laýyklykda, degişli internet sahypasynda ýerleşdirildi we ol diňleýjileriň hem emin agzalarynyň ýokary bahasyny alyp, ikinji orny eýeledi we degişli baýragyň diplomy bilen sylaglandy.