7-nji martda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şonuň ýaly-da paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň hemmetaraplaýyn zehini ýokary derejelere göterildi. Häzirki döwürde diňe bir maşgala ojagynda däl, eýsem, döwlet durmuşynyň möhüm ugurlarynda ýurdumyzyň zenanlary ýadawsyz zähmet çekýärler. Olar halkymyzyň köpasyrlyk däplerini we ýagşy dessurlaryny dowam etdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Milletiň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermekde Watanymyzyň gelin-gyzlaryna möhüm orun degişlidir.