"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Russiýanyň Premýer-ministri Mişustin Türkmenistana geler

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň höükmet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça bölümi habar berdi. – 24-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Premýer-ministrler GDA-nyň çäklerindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şol san-da energetika, ulag, ekologiýa, intellektual eýeçiligi goramak. medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar – diýip beýanatda bellenilýär.

Halkara giňişlikde

Türkmenistan — Abu-Dabi maýa goýum forumynda Golaýda Abu-Dabi şäherinde XIII halkara maýa goýum forumy we sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Her ýyl geçirilýän bu forum Hökümet wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, pudagyň öňdebaryjylaryny, şeýle-de ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlary ösdürmäge, dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän beýleki taraplary bir meýdança jemleýär.

«EKSPO — 2025» serginiň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň dizaýnyny hödürledi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny öz resmi sos­ial hasabynda paýlaşdy. Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanylyp, ol eko-görnüşde ýerine ýetirilýär.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pack Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi geçiriler

15 — 17-nji maýda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pack Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisigeçiriler. Sergä görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Halkara gatnaşyklaryň medeniýeti we dialog filosofiýasy

Oňyn bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasynyň özenini düzmek bilen, syýasy durnuklylygy saklamaga, dostlukly, diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we şonuň netijesinde giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünliklere we işjeň häsiýete eýe bolmagy her bir türkmenistanlyny guwandyrýar. Munuň özi Milli Liderimiziň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tutanýerlilik bilen eýerilýändigine, dünýä jemgyýetçiliginde dialog filosofiýasynyň giň goldaw tapyp, onuň tarapdarlarynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şu baharda diňe gülzar türkmen topragynyň reňki açylman, eýsem, ýurdumyzyň diplomatiýasynda hem göwün galkyndyryjy mahmal «ýaz şemaly öwüsdi». BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda netijeli syýasy-diplomatik gepleşikler usulyny, ýagny parahatçylyk medeniýetini ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň hem-ä ykrar edilýändigini, hemem dogrudygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Halkara maslahata taýýarlyk

Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 17-18-nji maýda paýtagtymyzda medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini jemgyýetçilige düşündirmek maksady bilen metbugat brifingi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler, medeniýet ministrleriniň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň hormatyna daşary döwletlerdäki ilçihanalarymyz tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary, metbugat maslahatlary we beýleki çäreler guralýar. Şahyryň ýubileýiniň baýram edilişini, döredijiligini wagyz edýän makalalar çap edilýär, dürli telegepleşikler, filmler taýýarlanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän toý-baýramlarymyzda şu ýylyň we onuň şygarynyň ähmiýeti giňden şöhlelendirilýär.

Kasym-Žomart Tokaýew ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni Moskwada geçirilen Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň (ÝÝYG) 10-njy mejlisinde Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi. “Aýlag ýurtlarynyň bazaryna çykmak üçin Ykdysady bileleşige agza döwletlere Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmagy teklip edýäris. Gazagystan muny eýýäm ýerine ýetirýär” diýip, Gazagystanyň Lideri belledi.

Türkmenistan we Türkiýe Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň” taslamataslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýäniň Hökümetiniň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Özbegistan we Mongoliýa ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdy

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlygy we reýtingler müdirliginiň ýolbaşçysy Awazbek Sultanow Mongoliýanyň Ulag we ýollaryň ösüşi ministrliginiň Syýasat hem meýilleşdiriş müdirliginiň başlygy Bolor Erden bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada «Trend» habar berdi. Çeşmede duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky awtoulag ýollary boýunça halkara ýük daşalmagynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Hususan-da, taraplar ulaglaryň gatnawy bilen bagly meselede hökümetara şertnamalary baglaşmak mümkinçiligine garadylar.

Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 6-7-nji maýynda Bakuwda Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.Amanjolowa), Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.Petrakow) hem-de Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.Atajanow) wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gündogaryň beýik şahyryny hormatlap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde we dünýä ýaýmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň aprel aýynda Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynda «Magtymguly Pyragy — türki dünýäsiniň beýik şamçyragy we akyldary» atly şygar astynda geçirilen halkara «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem beýik söz ussadynyň döredijiligi dogrusynda boldy. Duşuşyga Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti Rifkat Minnihanow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň ýolbaşçysy we işgärleri, türkmen we tatar ylmy işgärleri, ýazyjylar, şahyrlar, edebiýatçylar, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Wengriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullary gatnaşdylar.

Ýyly mähriň duýýas alysdan, Watan!

«Towşana dogduk depe» diýleni. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde: «Eşit adam, dogan ilden, //Gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýlişi ýaly, her bir ynsan üçin göbek gany daman topragyndan mähriban ýurt ýokdur. Watan başymyzyň täji, gözümiziň nury. Watan mukaddesligi, ene topragyň mähri ondan alysda bolanyňda has ýakymly duýulýan ekeni. Ýüregiň eziz topragyňy küýsäp durandyr, kalbyň dogduk obaňa telwas urýandyr. Ösümlik hem haýwanat dünýäsine baý türkmen sährasy, bugdaýly meýdanlar, miweli baglar göz öňüňde hatarlanyp, mele-myssyk tamdyr çöreginiň ysyny, datly miweleriň, ir-iýmişleriň tagamyny alarsyň. Bu pursat ýokary bilim alyp, ene topragymyza dolanjak günlerimiziň arzuwy kalbymyza ganat beklär. Watan baradaky aýdyma hiňleneniňi duýman galarsyň. Kähalat okuwdan boş wagtlarymyzda, milli lybaslarymyzy geýnip, şaý-seplerimizi dakynyp, Kazanyň köçeleri bilen ýöränimizde, daş-töweregiň bize haýran galyjylyk bilen seredýändigini duýýarys. Buýsandyrýan ýeri, olar türkmen gyzlaryny milli lybaslaryndan tanaýarlar. Käbiri ýörite ýanymyza gelip, «Siziň owadan milli lybaslaryňyz bar. Siziň bilen surata düşsek bolarmy?» diýip, ýadygärlik surata hem düşýärler. Şeýle pursatlar ata Watanymyza, milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

TULM CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalara ýeňillikli nyrhlary hödürleýär

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) CASCA+, Türkmenistan – Ýewropa we yzyna ugurlary boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň üsti bilen gatnawlar üçin aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär. TULM-yň habar bermegine görä, bahanyň möçberine eksport/import boýunça gümrük amallary, howpsuzlyk, ätiýaçlandyryş, birinji mil girmeýär.

Türkmenistan we Ermenistan ulag-logistika meseleleri boýunça maslahatlaşýar

3-nji maýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow bilen Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar, ulag-logistika ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtda halkara we sebitleýin guramalarynyň, hususan-da GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Türkmenistan bilen Owganystan 10 şertnama gol çekişdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy pudagyň wekilleri Owganystanyň Hyrat welaýatynda saparda boldular. Owgan metbugatynyň habaryna görä, bu saparyň çäklerinde 10 şertnama we 2 sany özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi. Gol çekişmek dabarasyna Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Nuriddin Azizi hem gatnaşdy.

Beýik akyldaryň gadam goýan ýerlerinde

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylmy-edebi jemgyýetçilik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny giňden toýlaýar. Şu mynasybetli milli we halkara derejede dürli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri-de golaýda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň ýubileýine bagyşlanan halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda saparda boldy. Saparyň ilkinji gününde wekiliýetiň agzalary bilen bilelikde, Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy han medresesine baryp görüp, onuň degişli ýadygärlikler toplumyna, talyplaryň okadylan hüjrelerine, Magtymgulynyň otagyna syn etdik. Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabyndaky Özbek-türkmen dostluk öýündäki iki ýurduň şu günki ykdysady, medeni ösüşlerini beýan edýän suratlar, türkmen, özbek dillerindäki kitaplary özünde jemleýän kitaphana bilen tanyşdyk. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly çykyşlardan soňra, «Uly howly» ýadygärlikler toplumy bilen tanyşdyk. Toplumyň çäginde özbegistanly türkmenleriň taryhy, medeniýeti, senetçiligi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň saklanýandygyny görmek örän täsirli boldy.

Parahatçylygyň belent ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz günsaýyn ösýär, özgerýär, halkara derejesindäki şan-şöhraty arşa galýar. Şeýle taryhy döwürde Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalar joşgunly ýüreklere ylham berýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň aglabasy Bitaraplyk we parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolup, dünýä halklaryny parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamaga çagyrýan syýasy üstünlikdir.

Ulag-üstaşyr geçelgesi — dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler, umumadamzat ähmiýetli taryhy başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem halkara we sebitara guramalarynyň çäginde özüniň ulag-kommunikasiýa babatdaky halkara başlangyçlaryny öňe sürüp gelýär. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir hem-de awtoulag ýollary, deňiz-derýa, şeýle-de howa ýollary boýunça döwrebap üstaşyr ulag geçelgeleri emele gelýär. Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu taslamalar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny has-da artdyrýar.

9 мая Президент Туркменистана будет присутствовать на военном параде в Москве

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň rus tarapynyň çakylygy boýunça 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Dabaralara hormatly myhman hökmünde, şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo gatnaşarlar.

Türkmenistan — BMG: maslahat beriş toparynyň agzalarynyň duşuşygy

3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.