«EKSPO — 2025» serginiň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň dizaýnyny hödürledi

13 Maý 2024
341

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny öz resmi sos­ial hasabynda paýlaşdy.

Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanylyp, ol eko-görnüşde ýerine ýetirilýär.

Şirin MOLLAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.