3-nji maýda Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy.
Birinji sessiýanyň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.