"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze çemeleşmeleri öňe sürýär

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sanly ulgam arkaly geçirilen ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Zenan telekeçiligini goldamak, gender deňligini üpjün etmek hem-de zähmet çekmek üçin deň şertleri döretmek «Merkezi Aziýada we Owganystanda zenanlaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň ösdürilmegi» atly halkara onlaýn forumda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu çäre öňňin Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mažlisi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guraldy. Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogynyň howandarlygynda geçýän köptaraply duşuşyga türkmen tarapyndan Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň telekeçi zenanlarynyň önümleriniň wideosergisi guraldy. Bu sergi gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň paýtagtynda geçirildi.

Belent maksatly ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen ynsanperwerlik hem-de medeni gatnaşyklaryň çäklerini barha giňeldýär. Şeýlelikde, ýurdumyz daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly esaslanýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, bagtyýar durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr we dünýä parahatçylygyň nuruny çaýýan beýik mertebämizdir. Baky Bitaraplyk bize asuda, eşretli durmuşy bagyş etdi. Baky Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy daýanjy bolup, türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyryjy güýçdür. Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysady, medeni ösüşi diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda rowaçlanýar. Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjiligiň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ildeşlerimiziň tutuş süňňüne ornaşandyr. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna görä, dünýäde parahatçylygy ýaýmaga, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Munuň özi parahatçylyk we ynanyşmak ýaly sarsmaz ýörelgeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmagymyzyň esasy

Hyzmatdaşlyk täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi 9—11-nji iýun aralygynda milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Özara bähbitlilik esasynda

Özara bähbitlilik esasynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi. 10-njy iýunda türkmen wekiliýetiniň BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar energetika, ulag, maýa goýumlar, oba hojalygy ulgamlarynda we beýlekilerde gatnaşyklaryň geriminiň mundan beýläk-de giňeldilmegi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň bu saparynyň ähmiýetini nygtadylar.

Aşgabat — halkara hyzmatdaşlyk merkezi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan binalaryň sany günsaýyn artyp, olar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, halal zähmet çekmegine hem-de ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraýyny belende göterýän halkara derejesindäki forumlaryny geçirmäge gönükdirilendir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bellenilýän ýylyň aprel aýynda hem, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda birnäçe binalar açylyp ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilen iri desgalaryň ikisi, ýagny Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi we Türkmenistanyň Kabul ediş merkezi bar.

Hoşniýetli gatnaşyklar barha ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine sapary arap dünýäsiniň täsirli ýurdy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň ýörelgesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-de gepleşikleri geçirdi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýeti 9 — 11-nji iýun aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde gulluk iş sapary bilen bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Abadançylygyň aýdyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň 150 çemesi döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek, sebitde hem-de onuň çäginden daşarda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeler bolsa baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrülip, halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi. Aslynda parahatçylyk söýüjilik düşünjesi halkymyzyň milli häsiýetleriniň özeninde, däp-dessurlarynda we ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümlerini ösdürmäge yzygiderli goşant goşýar, dostlukly döwletiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagy ugrunda möhüm taslamalary durmuşa geçirýär. Goňşy ýurtda lukmançylyk, bilim edaralarynyň gurulmagy, oňa ýeňillikli

Türkmenistan — ÝUNOPS: täze maksatlar, täze wezipeler

Düýn BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň täze düzüminiň — Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasynyň işe başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň, BMG-niň Aşgabatda akkreditirlenen agentlikleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleriniň we žurnalistleriň gatnaşmagynda guralan çärede ÝUNOPS-nyň wekilhanasynyň açylmagynyň bähbitli taraplary hem-de geljekki mümkinçilikleri, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny berkitmäge gönükdirilen täze grant taslamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary barada giňişleýin gürrüň edildi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň täze wekilhanasynyň açylmagynda Türkmenistanyň bu guramany bilelikde iş alyp barmak üçin çagyrmagy we lukmançylyk enjamlaryny hödürlemek arkaly Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Ýaponiýanyň Hökümeti tarapyndan öňe sürlen bilelikdäki taslamany amala aşyrmak babatda degişli resminamanyň alşylmagy aýgytlaýjy orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyzda Milletler Bileleşiginiň wekilçiliginiň barha giňelýändigini alamatlandyrmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem nobatdaky mümkinçilikdir. Şu meselä ünsi çekip, BM

Halkara hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýady günsaýyn kämilleşýär we döwrebaplaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň kämil demokratik başlangyçlary bilen, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň milli parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi netijesinde milli kanunçylygymyzda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek, olara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2021-nji ýylyň 22-nji maýynda geçirilen mejlisinde birnäçe kanunlar hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada taýýarlanan kanunlaryň taslamasy kabul edilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna hödürlenildi.

Köpugurly hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Köpugurly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi 8-nji iýunda milli Liderimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon Mak Gregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon Mak Gregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny, tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän, sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Döwlet Baştutanymyz jenap Jon MakGregory jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Gözelligiň we döwrebaplygyň nusgasy

«Akylly» şäher, «şäher içindäki şäher», «sanly ak öýli şäher», «Aşgabat-siti» — bular «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen adyň mynasyp eýesi bolan milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan täzeçil mega-taslama babatda aýdylýan ýörgünli sözlerdir. Täze guruljak «akylly» şäheriň gurluşygyna badalga bermek dabarasynda hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň ak mermerli paýtagty iň owadan we döwrebap megapolis bolmalydyr» diýip belledi. Umumy meýdany 744 gektar boljak, dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine aljak bu ägirt uly toplumyň — «Aşgabat-sitiniň» durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi, paýtagtymyzyň demirgazygynda birbada 140 sany kottej jaýyň ulanmaga berilmegi baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Alym Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly eseri Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Ol merjen şäherimiziň tarypy bolup dünýä dolýar. Baş şäherimizi gülledip ösdürmäge sungat derejesinde çemeleşýän milli Liderimiziň yhlas-aladasyndan kemala gelýän Aşgabat, hakykatdan-da, özboluşly sungat eserini ýada salýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde duran paýtagtymyzyň binagärlik keşbi milli özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Çünki döwlet Baştutanymyz şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümine, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna, olar

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow forumyň mowzuklaýyn mejlisinde eden çykyşynda maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasynyň maksatlary we esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Köpugurly gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň wekiliýeti ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.

Gazet — Okyjy — Gazet

Ruhy iýmitiň çeşmesi Adam hiç haçan ruhy iýmitsiz oňup bilmeýär. Bize ruhy iýmiti döwürleýin neşirler, esasan hem “Maru — şahu jahan” gazeti berýär diýsem, meniň sözüme galat diýen tapylar öýdemok. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde bu neşir atly-abraýly, sylagly-sarpaly gazetleriň biri hasaplanylýar. Sebäbi “Maru — şahu jahan” her bir adam üçin gerek. Şeýle bolansoň onuň okyjysy ýyl-ýyldan köpelýär.

Türkmenistanyň wekiliýeti ХХIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy. Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine hem-de taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklaryň esaslaryna daýanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Russiýanyň ykdysady, ylmy we medeni hem-de ähmiýetli ulag merkezi bolan Sankt-Peterburg şäheri hem şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biridir.