Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýeti

8 Iýun 2021
1028

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3-4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda bolup, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow forumyň mowzuklaýyn mejlisinde eden çykyşynda maslahata gatnaşyjylary ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk konsepsiýasynyň maksatlary we esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

«Mugallymlar gazeti».