Belent maksatly ösüşler

15 Iýun 2021
1032

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen döwletiniň daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, goňşy we beýleki döwletler bilen ynsanperwerlik hem-de medeni gatnaşyklaryň çäklerini barha giňeldýär. Şeýlelikde, ýurdumyz daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine doly esaslanýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, bagtyýar durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr we dünýä parahatçylygyň nuruny çaýýan beýik mertebämizdir. Baky Bitaraplyk bize asuda, eşretli durmuşy bagyş etdi. Baky Bitaraplyk mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy daýanjy bolup, türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyryjy güýçdür. Häzirki döwürde islendik ýurduň ykdysady, medeni ösüşi diňe parahatçylyk, abadançylyk we durnuklylyk ýagdaýynda rowaçlanýar. Şoňa görä-de, parahatçylyk söýüjiligiň ata-baba dowam edip gelýän ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ildeşlerimiziň tutuş süňňüne ornaşandyr. Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna görä, dünýäde parahatçylygy ýaýmaga, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Munuň özi parahatçylyk we ynanyşmak ýaly sarsmaz ýörelgeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrmagymyzyň esasy daýanjydyr. Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz ygrarlydygyny bütin dünýä görýär.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.