"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halklary ysnyşdyrýan Awaza

Türkmenbaşy şäheri. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy. Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypany açjak iri halkara çäreler. Şu gün bu ajaýyp künjekde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçiriljek möhüm çäreleriň 6-sy Türkmenistanyň, hakykatdan-da, parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezidigini, çawy dünýä dolan türkmen myhmansöýerliginiň iň naýbaşy däplerini açyp görkezer. Milli Liderimiziň döretmek we gurmak sungatynyň kämil nyşany bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli maslahatlardyr forumlary, sergilerdir festiwallary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplady, millionlarça ynsanyň ykbalyna täsirini ýetirýän, ýurtlardyr halklary has-da ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan çözgütleriň kabul edilýän merkezine öwrüldi. Bu gezegem şeýle bolar...

Döwrebap önümçilikleriň täze ugurlary

Awazanyň gözel kenary bu gün ýene-de arzyly myhmanlary garşylady. Şu gün bu kenarda sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alýan, köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we berkitmäge ýardam etjek taryhy ähmiýetli möhüm waka — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we şonuň bilen utgaşyklylykda beýleki möhüm çäreler geçirilýär. Gojaman Hazaryň türkmen kenary Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejedäki çäreleriň — duşuşyklaryň, forumlaryň, maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tomus paslynyň soňky aýynda bu kenaryň ýene-de toý lybasyna beslenmegi bize ol ýerde mundan göni iki ýyl öň, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyny, has anygy bolsa, forumyň çäklerinde guralan Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini ýatlatdy. Şypaly hem sapaly kenarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän taryhy duşuşygyň çäklerinde hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi guralýar. Sergi doganlyk halklaryň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikdir. Diňe bir tanyşmak däl, munda köp sanly geleşikler, türkmen önümleriniň daşarky bazara çykarylmagyna, täze hyzmatdaşlyklaryň döremegine hem ýol açylar. Asl

Mertebe sütüni

Durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçiliklere, jogapkärçiliklere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan erkek kişiler bilen deň hatarda öz watançylyk borjuny perzentlik borjy bilen utgaşdyryp, ýurduny, topragyny gorap, il-halkyny goramakda är işini bitiren gelin-gyzlarymyzyň ençemesiniň ady taryhy hakyda altyn harplar bilen ýazylypdyr. Olaryň biri hem biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda ýaşap geçen Tumar şadyr. Hormatly Prezidentimiz Tumar şanyň gahrymançylygy, onuň Watany goramagyň mertebäňi, geljegiňi, nesliňi goramakdygyny nusga edendigi hakda buýsanç bilen belleýär.

Merkezi Aziýa: dost-doganlygyň aýdyň ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz taryhy wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolup, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki maslahatlaryň, festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrülmegi halklaryň medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt diýlip dünýäde tanalýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilmegini taryhy waka diýip bellemek bolar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti halkara derejesindäki uly wakalardyr.

Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň artmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz baradaky aladasy, ýurdy okgunly ösdürmäge ýardam edýän özgertmeleri uly işler bilen utgaşýar. Munda esasy maksat döwletimizde hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygyň, syýasy we ykdysady durnuklylygyň berkararlygyny üpjün etmek bolup durýar. Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyz üçin möhüm ugurlaryň biridir. 2021-nji ýylyň 17-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýa — dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap Watanymyz dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry ata Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilýän taryhy ähmiýetli halkara derejeli çäräniň biri-de 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygydyr. Bu iri halkara çäräniň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň görkezijisidir. Halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini amala aşyrmakda bitaraplyk we parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dürli derejeli forumlaryň, sergileriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilýän hyzmatdaşlyk merkezine öwrülýär. Sebitde ýerleşýän Merkezi Aziýa döw

Türkmenistan-Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde esasy ugur bolup durýar. Soňky ýyllarda deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijeleri muny has aýdyňlygy bilen görkezýär. Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalarynyň düzümleriniň, hususan-da, «Merkezi Aziýa +Ýaponýia» gatnaşyklaryň çäklerinde pugtalandyrylýar. Parlamentara derejesinde ýola goýulýan gatnaşy

Merkezi Aziýa sebiti: ykdysady ösüşiň hatyrasyna beýik işler

Şanly wakalary bilen Merkezi Aziýa sebitiniň taryhyna girjek günüň — 6-njy awgustyň gün tertibinde sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy hem bar. Döwletara derejede guralýan bu forum Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleriň çäklerinde alyp barýan netijeli işleriniň ykrarnamasy bolup, ol Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny äşgär edýär. Bu halkara çärede garaljak meseleler we onuň jemi boýunça kabul ediljek resminamalar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam döredýär. Häzirki döwürde halkara ykdysady giňişlikde islendik ýurduň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin halkara gatnaşyklary dürli ugurlarda we dürli görnüşde ösdürmek zerur bolup durýar. Şunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi syýasy we ykdysady nukdaýnazardan bähbitli hasaplanýar. Çünki ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.

Türkmenistan — Täjigistan: ygtybarly hyzmatdaşlyk

3-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. 4-nji awgustda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açdy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary taraplaryň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine taýýardyklaryny aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli esasda möhüm ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Ikitaraplaýyn tagallalaryň netijesinde, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzakmöhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen köp sanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça döredilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Geçen hepdede — täjik Lideriniň Türkmenistana saparynyň öňüsyrasynda Duşenbe şäherinde

Dostlukly gatnaşyklar ak ertirlere uzaýar

Eziz Diýarymyz dünýäde ykrar edilen parahatçylyk dörediji we sebitiň iri medeni merkezi bolmak bilen, dostana gatnaşyklary ýakynlaşdyrmagyň ajaýyp nusgasy hökmünde at-abraýa eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurt Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen medeniýetleriň milletara gatnaşyklarynyň halkara derejesinde has-da işjeňleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Indi Türkmenistan halkara festiwallaryň, baýramçylyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Şeýle iri halkara çäreleriň biziň ýurdumyzda geçirilmegi dünýä halklarynyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýän medeni diplomatiýasy sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge ukyply taglymat hökmünde hereket edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz elmydama umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Awazanyň kenary halkara syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýan mekanyna öwrülýär. Ertir «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli iri halkara çäreleriň altysy, has takygy, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň

Dost-doganlyk kenarynda

Möhüm kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülen, dünýäniň ykdysady we medeni ýagdaýyna täsirini ýetirip duran Merkezi Aziýa sebiti üns merkezinde. Jemgyýeti ýa-da syýasaty öwrenijiler: «Taryh beýik amallar bilen ýazylýar, beýik maksatlar aýdyň pikirler bilen döredilýär, adamzat ähmiýetli bagtly geljek bilelikde gurulýar» diýen sözi tekrarlamagy juda eý görýärler. Çünki bu jümläniň aňyrsynda şol hakykaty tassyklaýan geçmişiň uly wakalary, taryhy tejribeleri ýatyr. Bu sözleriň hakykatyna göz ýetirmek üçin bolsa ýene şu ýerlere — Merkezi Aziýa döwletlerine nazar aýlamak göwne makuldyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy munuň aýdyň mysaly. Gözel Diýarymyzda — Hazaryň türkmen kenarynda, syýahatçylygyň merjeni bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu duşuşygyň öňkülerden birnäçe aýratynlygy we artykmaçlygy bar. Mälim bolşy ýaly, halkymyz myhman garşylamagy, dostlar bilen pikir alyşmagy, geljegiň meselesini geňeşli çözmegi halaýar. Dostlaryň arasyndaky asylly däbe öwrülen bu gezekki konsultatiw duşuşyk hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen has giň many-mazmuna eýe bolar. Sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Azi

Hazar nagmalary — dostluk aýdymy

(Publisistik oýlanma) Bu sözbaşy aýdylyşy ýaly, ady bilen geldi. Oňa-da, kitap tekjämi dörüp ýörkäm, gözüme ilen kitap sebäp boldy. Eliňe agram berip duran, «Насими Хазар» diýen kitabyň gatyny açsaň, onuň Duşanbe şäherinde «Адиб» neşirýatynda 2008-nji ýylda neşir edilendigi görkezilendir. Täjik dilinde neşir edilen kitabyň başky sahypasynda «Türkmenistanly ýazyjy-şahyrlaryň eserler ýygyndysy» diýen ýazgy bar. Kitabyň türkmençe ady «Hazar nagmalary».

Türkmen — täjik gatnaşyklarynyň täze derejesi

Öňňin Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Düýn Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-täjik duşuşygy köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze wajyp tapgyry açdy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary taraplaryň netijeli syýasy gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitlilik esasda möhüm ugurlarda ýola goýulýan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Dostluk daragtynyň miweleri

5+: Özara hereketleriň işjeňligi Näme üçin «5+» goşmak diýýänsiňiz?! 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry ýadyňyzdadyr. Özbegistan Respublikasy. Daşkent şäheri. Merkezi Aziýa döwletleriň Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy. Hormatly Prezidentimiziň taryhy sözi: «Soňky wagtda 5+ görnüşindäki özara hereketleriň örän işjeňleşendigi diýseň guwandyrýar. Şunda Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň — Ýewropa Bileleşigi, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň görnüşleri göz öňünde tutulýar. Şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga dünýäniň beýleki öňdebaryjy ýurtlary tarapyndan hem uly gyzyklanma bar. Şunuň ýaly duşuşyklaryň gün tertibi örän giň hem-de köpdürli bolýar, ýöne şolarda ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika baradaky meseleler hemişe esasy orun eýeleýär». Bir bitewüligi emele getirýän dost-dogan döwletleriň adamzadyň geljegi ugrundaky bilelikdäki hereketi sebit ösüşiniň hem çygryndan çykyp, has alyslaryň ösüşine öz täsirini ýetirýär.

Türkmenistan — Täjigistan Respublikasy: köpugurly gatnaşyklary giňeltmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa döwletleriniň hatarynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Täjigistan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we doganlyk türkmen halkynyň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan we Täjigistan dostluk, ynanyşmak, özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan syýasaty sazlaşykly durmuşa geçirip, gadymdan gelýän ýakynlygy saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony hemmetaraplaýyn ösdürýärler. Iki ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Emomali Rahmonyň ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar batly depginler bilen ösdürilýär we ol yzygiderli häsiýete eýedir. Geçen on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň 13 sany döwlet, resmi we iş saparlary guraldy, şonuň ýaly-da, halkara duşuşyklardyr forumlaryň çäklerinde bilelikdäki çäreleriň ençemesi geçirildi. Iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, däp-dessurlaryň we gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir.

Täze Kararnama: durnukly ösüş ugrunda aýgytly ädim

2-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar ýurdumyzyň halkara abraýynyň, hormatly Prezidentimiziň döredijilikli başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny dünýä ýaýdy. 29-njy iýulda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny dörediji ýurtlaryň biri hökmünde bu ugurda halkara bileleşigiň tagallalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Täze resminamanyň Milletler Bileleşiginde Türkmenistanyň adyna ýazylan Kararnamalaryň on altynjysydygyny, ulag ulgamy boýunça bolsa dördünjisidigini bellemek gerek. Mundan ozal 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň

Dostlukly ýörelgeleriň aýdyň geljegi

Şu ýylyň 6-njy awgustynda ekologiýa taýdan arassa, gözel künjegimiz bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada metbugatda soňky günlerde yzygiderli gürrüň edilip dur. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky Karary bilen bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin Guramaçylyk topary döredildi. Dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklaryny, şertnamalaryny, konwensiýalaryny ykrar edýär. Halkara borçnamalaryny doly we dogry ýerine ýetirýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistan daşary ýurt döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary açyklyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar.

Awazada boljak çäreler dünýä ýaň salar

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Baştutany Gahryman Arkadagymyz diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň bagtyýar, eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlary öňe sürmek hem-de şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin nusgalyk işleri amala aşyrmak bilen berkarar döwletimizi dünýäniň iň abraýly döwletleriniň hataryna goşdy. Hormatly Prezidentimiz özüniň öňe süren “Döwlet adam üçindir!”, “Ösüş arakaly parahatçylyk” diýen parasatly ýörelgelerine esaslanyp, durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň her bir öňe sürýän ynsanperwer başlangyjyny dünýä jemgyýetçiligi ikelläp goldaýar. Şol başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa dünýäniň iň abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasynyň bütin dünýäde pugta parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň berkarar bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatlaryna ýetmekde we bu ugurdaky derwaýys wezipeleri çözmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şu babatda gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda durmu

Merkezi Aziýa: hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde özara hem peýdaly syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge degişli halkara maslahatlaryň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, sergileriň geçirilýän ýurduna öwrüldi. 6-njy awgustda eziz Diýarymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreler, ýagny Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly, sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti geçiriler. Hormatly Prezidentimiz bu iri çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin ýörite Guramaçylyk toparyny döretdi. Merkezi Aziýanyň taryhynda şanly waka öwrüljek bu çäreler, mälim bolşy ýaly, köp taraplydyr we giň mazmunlydyr. Bu çäreler goňşy ýurtlaryň halklarynyň gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hemişe goňşy ýurtlar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary ähmiýet berýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň ulag boýunça Kararnamasy kabul edildi

Aşgabat, 2-nji awgust (TDH). Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ulgam arkaly BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habary ýetirdi. Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Wise-premýer bu Kararnamanyň esasy wezipeleriniň dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdygyny belledi.