Türkmenistan-Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen

5 Awgust 2021
1134

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen durmuş-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Ýaponiýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde esasy ugur bolup durýar. Soňky ýyllarda deňhukukly, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak arkaly ýola goýulýan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek ýakymlydyr. Türkmen wekiliýetiniň saparynyň netijeleri muny has aýdyňlygy bilen görkezýär. Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda we abraýly halkara, sebitara guramalarynyň düzümleriniň, hususan-da, «Merkezi Aziýa +Ýaponýia» gatnaşyklaryň çäklerinde pugtalandyrylýar. Parlamentara derejesinde ýola goýulýan gatnaşyklara yzygiderli häsiýet mahsusdyr. Taraplar bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw berýär.