Mertebe sütüni

6 Awgust 2021
1060

Durmuşyň ähli ugurlarynda aýallaryň erkekler bilen deň hatarda hukuklara, mümkinçiliklere, jogapkärçiliklere eýe bolmagy babatdaky garaýyş türkmen jemgyýetiniň taryhyň çuňlugyndan gözbaş alýan asylly ýörelgeleriniň biridir.

Türkmen halkynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan erkek kişiler bilen deň hatarda öz watançylyk borjuny perzentlik borjy bilen utgaşdyryp, ýurduny, topragyny gorap, il-halkyny goramakda är işini bitiren gelin-gyzlarymyzyň ençemesiniň ady taryhy hakyda altyn harplar bilen ýazylypdyr. Olaryň biri hem biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrda ýaşap geçen Tumar şadyr. Hormatly Prezidentimiz Tumar şanyň gahrymançylygy, onuň Watany goramagyň mertebäňi, geljegiňi, nesliňi goramakdygyny nusga edendigi hakda buýsanç bilen belleýär.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.