"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görýär

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda 2025-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy bilen bagly taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Şol maksat bilen şu ýylyň 25-26-njy iýunynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti indiki ýyl Osakada geçiriljek serginiň taýýarlyk işlerine bagyşlanan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda milli pawilýonlary taýýarlamak, çäreleri meýilleşdirmek we serginiň beýleki guramaçylyk taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga dünýä döwletleriniň we halkara guramalarynyň 160-dan gowragyndan 600 töweregi wekil gatnaşdy. Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşykda «EKSPO — 2025-de» Türkmenistanyň Milli pawilýonyny gurmak we taýýarlamak, şeýle hem sergini guramak bilen baglanyşykly meýilnamalar boýunça pikir alyşmalar boldy. Hususan-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejededigini, bu ugurdaky işleriň netijeli guralýandygyny nygtady hem-de ähli wezipeleriň wagt

Türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň täze sahypasy

Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlyk saklaýar hem-de ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da ilerledýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahatyny aýdyp bileris. Iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylaryny hem-de öňdebaryjy hünärmenlerini Aşgabada jemlän bu duşuşykda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat pudaklarynda we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu güni we geljegi dogrusyndaky meselelere garaldy. Forumyň dowamynda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygy, döredilen amatly maýa goýum şertleriniň we işewürligi alyp barmagyň guramaçylyk-hukuk ýagdaýynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary, şol sanda BAE-niň işewür toparlaryny çekmäge kömek edýändigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Mundan başga-da, işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikl

Türkmen wekiliýeti «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşdy

26 — 30-njy iýun aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherinde «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistan hem özüniň Milli pawilýony bilen gatnaşdy. 50-den gowrak ýurduň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän bu forumda dürli pudaklaryň we hususy düzümleriň harytlary we hyzmatlary görkezilişe çykaryldy. Şolaryň hatarynda türkmen pawilýony halkara bilermenleri we daşary ýurtly işewürleri has-da özüne çekdi. Olar Milli pawilýonymyzda ýurdumyzyň içerki bazarynyň ösüşi, söwda-ykdysady mümkinçilikleri hem-de durmuşa geçirilýän uly taslamalar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

«Black Star Burger» Türkmenistanda öz şahamçasyny açmak isleýär

Russiýanyň «Black Star Burger» restoranlar zynjyry Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär. Restoranlar zynjyrynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, Türkmenistandaky şahamça şu ýylyň güýzünde müşderileri kabul edip başlar. «Kompaniýa howa we demir ýol menzillerinde, ýerasty geçelgelerde, seýilgählerde, sport meýdançalarynda, söwda merkezlerinde has köp nokatlary döretmegi maksat edinýär. Şeýle-de Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy meýilleşdirýär» diýlip, «Black Star Burgeriň» metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.

Özbegistan energiýa serişdeleriniň importyny artdyrýar

Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda energiýa serişdeleriniň importyny görnetin artdyrdy. Hasabat döwründe Özbegistan tebigy gazyň importyny 4,2 esse köpeltdi. Şunlukda şu ýylyň 5 aýynda özbek bazary üçin daşary ýurtlardan satyn alnan «mawy ýangyjyň» umumy bahasy 643,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde goňşy ýurt kömrüň we elektrik energiýasynyň importuny hem ýokarlandyrdy. Has takygy, Özbegistan 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda 73,6 million amerikan dollarlyk kömri (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6,4 göterim ýokary) hem-de 72,2 million amerikan dollarlyk elektrik energiýasyny (geçen ýylyň degişli döwründäkiden 21,6 göterim ýokary) daşary ýurtlardan satyn aldy.

Işewür gatnaşyklar okgunly ösdürilýär

Dünýä döwletleri we halkara derejeli iri kompaniýalar bilen strategik, uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. 25-nji iýunda döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Ýangyç-energetika toplumy geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

Işewürlik maslahaty geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Türkmen wekiliýeti “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem girýär.

Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy

Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolow sişenbe güni Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Nur Ahmad Islamjar bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasynda üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Bakhtar News” agentliginiň habar bermegine görä, türkmen diplomaty harytly ýük awtoulaglarynyň her günde 120-siniň Turgundy serhetýaka barlag-geçiriş nokadyndan geçirilmegini üpjün etmäge Türkmenistanyň taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol “Nur-ul-Jahad” podstansiýasynda abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wany kabul etdi. Işewür myhmansöýerlik hem-de möhüm meseleleri we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi. Myhman Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Bu şäher Garaşsyz Türkmenistanyň rowaçlygynyň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy. Işewürler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 27-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, şanly wakanyň — okgunly ösýän Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülen “akylly” şäheriň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyza gelip görmäge örän şatdygyny nygtady.

Işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirip

25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len «Türk­me­nis­tan — Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri» işe­wür­lik mas­la­ha­ty iki ýur­duň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum we işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­di. Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne yk­dy­sa­dy­ýet, ma­ýa go­ýum, se­na­gat pu­dak­la­ryn­da, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri ul­ga­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Oňa iki dost­luk­ly ýur­duň döw­let we işe­wür dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri gat­naş­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da Ýa­kyn Gün­do­gar­da yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly we ok­gun­ly ös­ýän döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Soň­ky ýyl­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki, il­kin­ji no­bat­da, iri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň top­la­nan baý tej­ri­be­si mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Halklary ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de «Halk­la­ry bir­leş­dir­ýän ta­ry­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­lar» ady bi­len gu­ra­lan mas­la­hat Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ri­len bu çä­rä Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Eý­ra­nyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry, ÝU­NES­KO-nyň Al­ma­ty­da­ky se­bit­le­ýin eda­ra­sy­nyň di­rek­to­ry, ÝU­NES­KO-nyň iş­le­ri ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­pa­ry­nyň jo­gap­kär sek­re­ta­ry gat­naş­dy­lar.

Kuzbassyň kömür ýükli iki otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýollanyldy

Ilkinji gezek Kuzbassyň kömür ýüklenen iki otlusy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana iberildi.   Kemerowo sebitinden ýola düşen otlular Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli baryp ýetdi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýlandda halkara maslahatyna gatnaşdylar

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen Aziýa we Ýuwaş Umman sebitinde awtonom gämiçilik bilermеneler toparynyň maslahatyna gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar awtonom gämiçilik pudagynyň ösmeginde ýüze çykýan  meselelere seredip, bu babatynda tejribeler alyşdylar. Çärä gatnaşyjylar dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylar halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmekde, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmekde we daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda özleriniň işleri we tejribeleri bilen tanyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministrini kabul etdi

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güleri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Türkiýede ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bilelikdäki tagallalar arkaly ýyldan-ýyla anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň milli goranmak ministri Ýaşar Güler bilen duşuşyk geçirdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkiýede daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygy ilerletmegiň nusgasy

Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, mähriban pederlerimizden miras galan milli medeniýetimizi sarpalap, geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup öňe çykýar. Şu hakykata ünsi çekmekde ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary wajyp ähmiýete eýedir. Özboluşly gözelligi bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýe taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek babatda Milli Liderimiziň başyny başlan medeni diplomatiýasy esasynda ummasyz işler durmuşa geçirildi. Bu asylly ýörelgeleri ýokary derejede dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky iki ýyldan gowrak wagtyň içinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy täze ugurly ösüşlere eýe boldy. Bu babatda geçen, 2023-nji ýyl aýratyn buýsandyryjy seneleriň birine öwrüldi.