Halkara giňişlikde

29 Oktýabr 2024
300

Türkmen synçylary — Özbegistandaky saýlawlarda

27-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — ýurduň Oliý Majlisine saýlawlar geçirildi. Oňa synçy hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. Umuman, 50 döwletden müňden gowrak synçy saýlawlaryň geçişine gözegçilik etmäge çagyryldy. Synçylar Daşkent şäherindäki we sebitlerdäki saýlaw uçastoklarynda bolup, ses bermek işiniň barşyna gözegçiligi amala aşyrdylar.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».