"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkara hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan 150-den gowrak döwlet bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şolaryň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynyň 17 — 19-y aralygynda Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» atly 3-nji ýokary derejeli maslahata gatnaşdy hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň netijesinde bilelikdäki wajyp taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ägirt uly taslama bolan Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen-Hytaý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine 2013-nji ýylyň sentýabrynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki jarnama aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan iri halkara guramalarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki sebit düzüminiň ugry boýunça köptaraplaýyn görnüşde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dost

Gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar

Medeniýet düşünjesi bir halkyň, bir döwletiň çygryna sygmaýar. Islendik medeniýet — bütin dünýäniň gymmatlygy. Şonuň üçin hem medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşy, milletine we aňyýetine garamazdan, islendik döwletde arzyly. Dili, medeniýeti boýunça kökdeş halklaryň, biri-biriniňkä guraýan medeni myhmançylygy bolsa hakyky toýa öwrülýär. Ynha, ýakynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem şeýle toýa öwrüldi. Bu toýuň gerimi Aşgabatdan Türkmenabada çenli ýaýrady. Geçen hepdäniň ahyrynda sungatyň lebaply muşdaklaryna türk aýdym-sazlaryny türkiýeli sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde diňlemek bagty miýesser etdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly çykyşlar ýokary guramaçylyga eýe bolup, oňa gatnaşyjylara ýakymly täsirleri bagyş etdi. Çykyşlarda aýratyn hem türk medeniýetini, däp-dessurlaryny öz içine alýan milli aýdymlardyr folklor-tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar teatryň sahnasynda belentden ýaňlanan halk we estrada aýdymlaryny, häzirkizaman folklor-saz toparyny uly şowhun bilen garşyladylar. Ankaranyň döwlet häzirkizaman tans toparynyň ýerine ýetiren tans kompozisiýalary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

26-njy noýabr — Bütindünýä durnukly ulag güni

Durnukly ösüşiň ygtybarly ýoly Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu bolsa durnukly ösüşi gazanmagyň möhüm şerti hökmünde ulag-kommunikasiýa ulgamyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

«Awaza» - hyzmadaşlyk mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mähriban Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini şan-şöhratynyň kuwwatly güýjüni görkezýär. Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” alyş sagaldyş merkezinde Awiýasiýa we Aragatnaşyk işgärleriniň ilkinji guramalarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz - ösüşlere beslenýär aýdyň ýolumyz” atly okuw maslahatyny «Awaza»nyň gözel künjeginde geçirilmegi, bizi diýseň buýsandyrdy. «Awazanyň» arassa howasyndan dem alyp, dürli kärdäki işjeň agzalar bilen duşuşyp öz tejiribämizi baýlaşdyrdyk.

Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag gününde halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler

BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli, şu ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de sergini geçirmek meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bu halkara çärelere görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, utgaşykly görnüşde geçiriljek foruma BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň we beýlekileriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Aşgabatda alty ýurduň demir ýol edaralary CASCA+ ulag geçelgesini ösdürmek barada Teswirnama gol çekdiler

“Aziýa-Ýuwaş umman döwletleri-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” (CASCA+) multimodal ulag we üstaşyr geçelgesine agza döwletleriniň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilen altytaraplaýyn duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekdiler. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyn, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniňň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem logistik kompaniýalary we kärhanalary gatnaşýarlar.

Türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ugry boýunça ýük daşalyşyny işjeňleşdirmegi teklip edýär

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran bilelikdäki toparynyň 17-nji mejlisinde türkmen tarapy Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Eýran ulag-üstaşyr ugry boýunça ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmegi teklip etdi. Mejlis hyzmatdaşlyk toparlarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň başlyklygyndaky Hökümetara toparlarynyň gatnaşmagyna geçirildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty alyp barýar. Şunda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen netijeli dialogyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzy bu gurama bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Bu gurama bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ähmiýetli ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. 17-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ähli watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, ÝUNESKO bilen däp bolan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň agzalan komitetiň düzümine saýlanmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn

Ynanyşmak. Hoşniýetlilik. Işewürlik.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara gatnaşyklar ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» daşary syýasaty dünýä döwletleri bilen gatnaşyklary hoşniýetli esasda ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji noýabrdaky kabul edişlikleri aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşy kabul etdi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň döwletara gün tertibinde aýratyn orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orny eýeleýär. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk ulgamlary, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşýändigi bellenildi, bilelikdäki hökümetara toparyň orny nygtaldy.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. Ilki bilen, 17 — 19-njy noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň guralandygyny, üç günüň dowamynda dürli ugurlar boýunça diwarlyklaryň görkezilendigini bellemek gerek.

Türkmenistan we Eýran ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisinde ulag boýunça hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlarynyň birine öwrülendigi nygtaldy. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Halkara ugurlaryň hatarynda bu polat ýoly Aziýany we Ýewropany birleşdirdi hem-de diňe sebitde däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Ulag-logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak iş toparynyň birinji duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji duşuşygy geçiriler. Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hasabatynyň çäklerinde, bu halkara çärä görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna habar berdi. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda üstaşyr ulag ulgamy babatda meseleleri, hususan-da, iki ýurduň üstünden geçýän ulag geçelgeleri arkaly milli ulag düzümleriniň kuwwatlyklaryny ulanmak, bu ugurda bilelikdäki taslamalary ylalaşmak we durmuşa geçirmek, logistiki merkezleri ösdürmek, daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda üç günläp dowam eden Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň ýapylyş dabarasy boldy. Giň gerimli forum birnäçe möhüm çäreleri öz içine alyp, onuň çäginde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Goňşy ýurduň kompaniýalarynyň 100-e golaýynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezen gözden geçiriliş netijeliligi bilen tapawutlandy. Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çykmakda ýurdumyz üçin «altyn derweze» bolup hyzmat edýän Eýran Yslam Respublikasy ulag-logistika pudagynda möhüm hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň beýleki ýurtlary üçin-de üstaşyr geçirýän tarap bolup hyzmat etmegiň uly artykmaçlyklaryna eýe. Bu Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» hökmünde Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň doly güýjünde işledilmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Taslamanyň işjeň ulanylmagy, oňa ugurdaş ýollaryň döredilmegi Türkmenistanyň ulaglaryň ähli görnüşini bir ulgam arkaly birleşdirmek ukybyna eýe bolan ýurt hökmünde ähmiýetini artdyrýar. Şonuň üçin-de, pudagyň inženerçilik-tehniki taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek forumda aýratyn üns berlen ugurlaryň hatarynda boldy

Halkara giňişlikde

Ulag-logistika hyzmatdaşlygy üns merkezinde Golaýda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, hytaý tarapyna bolsa HHR-iň ulag ministriniň orunbasary L.Ýan ýolbaşçylyk etdi. Mejlise ýurdumyzyň ulag ugurly döwlet edaralarynyň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, şeýle-de Hytaýyň Ýol we köpri gurmak boýunça korporasiýasynyň, «China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Beýik Ýüpek ýoly — dost-doganlygyň ýoly

18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli jemlenip, onuň ýapylyş dabarasy medeni çäreler bilen utgaşdy. Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar duz-çörek bilen garşylanyp, olara ýörite gurnalan ak öýlerde milli tagamlar hödür edildi. Amaly-haşam sungatynyň sergisinde foruma gatnaşyjylar türkmen tebigaty, milli medeniýetimiz we gadymy däp-dessurlarymyz bilen tanyşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşan Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň Türkmenistan boýunça ýörite bellenen ilçisi, Şansi ýaşlar ligasynyň başlygy Sýu Ýoňşeň:

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde birinji ýurt hökmünde Milli pawilýony üçin ýer bölegini kabul edip aldy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryny dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň halkara forumlara, hususan-da, dünýäniň iň iri sergisi bolan «EKSPO» Bütindünýä sergilerine gatnaşmagy üns merkezinde saklanylýar. Häzirki wagtda hem Türkmenistanyň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 14 — 16-njy noýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Bu duşuşyga Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkenzes, «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň Baş sekretary Işige Hiroýuki, 100-den gowrak daşary ýurtlaryň Baş Komissarlary, ilçileri, degişli işleri alyp barýan ministrlikleriniň wekilleri, gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şol sanda «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň Ýaponiýa

«Iran Prože» täze hyzmatdaşlyga ýol açýar

17 — 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Nobatdaky serginiň gözden geçirilişi goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi berer. Iki ýurduň işewür toparlarynyň özara gyzyklanmalarynyň artmagyna we göni hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjek bu sergi hormatly Prezidentimiziň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyndan badalga aldy.

Londonda türkmen-britan maýa goýum forumy geçiriler

22-23-nji noýabrda Beýik Britaniýanyň London şäherindäki Direktorlar institutynda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly işewürlik forumy geçiriler. Maýa goýum forumyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçy düzümi gatnaşar. Şeýle-de maliýe we karz, nebitgaz, gurluşyk, inženerçilik, halkara söwda we eksport, telekommunikasiýa, energetika, maşyngurluşyk, oba hojalyk tehnikasynyň önümçiligi, port operatorçylyk hyzmatlary, himiýa, azyk senagaty, aragatnaşyk, senagat önümçiligi, uçarlaryň önümçiligi, maslahat beriş hyzmatlary, logistika ýaly ugurlarda iş alyp barýan dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan onlarça edaradyr kompaniýalaryň wekilleri myhman bolarlar. Forumyň ilkinji güni «Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri» atly mowzugy bilen badalga alar. Şeýle-de «Energiýa ulgamynyň geljegi: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk, täzelenýän we ýaşyl energiýa hem-de wodorod energetikasy», «Maliýe, bank we ätiýaçlandyryş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri», «Maglumat tehnologiýalar, telekommunikasiýa, ulag we logistika pudaklarynda Türkmenistanyň infrastrukturasyny ösdürmäge maýa goýumlar», «Daşky gurşawy goramak, oba we suw hojalygy hem-de gaýtadan işleýän pudaklarda maýa goýum mümkinçilikleri» atly m

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 81 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Singapurdan, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, BAE-den we Türkiýeden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 799 müň 441 amerikan dollaryna deň boldy.

Türkmenistan CASCA + multimodal ulag ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň üsti bilen Ýewropa çykýan «Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan —Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa» multimodal ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlar 2019-njy ýylyň dekabrynda Daşkentde Halkara multimodal ýoluny ösdürmek baradaky şertnama gol çekilmegi bilen başlandy. Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýylyň dekabrynda Türkiýe Respublikasy hem bu taslama goşuldy. 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Stambul şäherinde taslama gatnaşyjy döwletleriň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda altytaraplaýyn gepleşikler yzygiderli ýagdaýda geçirilip başlandy. Bu gepleşikleriň esasy maksady «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» (CASCA+) halkara multimodal ulag ugry boýunça ýükleriň geçirilişini artdyrmakdan ybaratdyr.