Gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar

22 Noýabr 2023
1080

Medeniýet düşünjesi bir halkyň, bir döwletiň çygryna sygmaýar. Islendik medeniýet — bütin dünýäniň gymmatlygy. Şonuň üçin hem medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşy, milletine we aňyýetine garamazdan, islendik döwletde arzyly. Dili, medeniýeti boýunça kökdeş halklaryň, biri-biriniňkä guraýan medeni myhmançylygy bolsa hakyky toýa öwrülýär. Ynha, ýakynda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem şeýle toýa öwrüldi. Bu toýuň gerimi Aşgabatdan Türkmenabada çenli ýaýrady.

Geçen hepdäniň ahyrynda sungatyň lebaply muşdaklaryna türk aýdym-sazlaryny türkiýeli sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde diňlemek bagty miýesser etdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen aýdym-sazly çykyşlar ýokary guramaçylyga eýe bolup, oňa gatnaşyjylara ýakymly täsirleri bagyş etdi. Çykyşlarda aýratyn hem türk medeniýetini, däp-dessurlaryny öz içine alýan milli aýdymlardyr folklor-tans çykyşlary ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar teatryň sahnasynda belentden ýaňlanan halk we estrada aýdymlaryny, häzirkizaman folklor-saz toparyny uly şowhun bilen garşyladylar. Ankaranyň döwlet häzirkizaman tans toparynyň ýerine ýetiren tans kompozisiýalary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.