18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.
Ilki bilen, 17 — 19-njy noýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň guralandygyny, üç günüň dowamynda dürli ugurlar boýunça diwarlyklaryň görkezilendigini bellemek gerek.