"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sähra pyşdyly

Türkmenistanda duş gelýän pyşdyllaryň biri-de sähra pyşdylydyr. Uzak ýaşaýan bu jandarlara sähralarda, agaçlaryň arasynda, daglarda we kenar ýakalarynda duş gelmek bolýar. Pyşdyllaryň ulusynyň agramy 2 kilograma, boýy 20 santimetre ýetýär. Güberçek depe çanagy pyşdyly diňe ýyrtyjy haýwanlardan däl, eýsem, Günüň jöwzaly yssysyndan hem goraýar.

Jandarlaryň täsin häsiýetleri

Milli gymmatlyklara sarpa

Türkmen alabaý itleri halkymyzyň buýsanjy bolup, olar taryhy-medeni we ruhy mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu ajaýyp tohum itleriň sanyny köpeltmek, ýurdumyzda itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzümini döretmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Itşynaslyk gadymdan gelýän asylly däplerimiziň biridir. Häzirki wagtda türkmen itleriniň milli mirasymyzyň gymmatlygy hökmünde goralyp saklanylmagyna gönükdirilen netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän uly orny hem-de olaryň köpýyllyk seçgiçilik işleri, bu tohum itleriň gelip çykyşy baradaky pikir ýöretmeleri, taryhy we medeni maglumatlary özünde jemleýär.

Alabaý — wepadarlygyň nusgasy

Mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzünde itleriň köp sanly görnüşi bar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, türkmen itleri baradaky maglumatlar irki döwürleriň taryhyna degişli ýazgylarda hem duş gelýär. Alabaý itleri birnäçe aýratynlyklary boýunça Merkezi Aziýanyň çäginde duş gelýän beýleki tohum itlerden tapawutlanýar. Bu itler ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna hem çykyp bilýärler. Türkmen alabaýy eýesine wepalylygy, sakçylygy, eýesiniň malyny gorap bilýänligi bilen tapawutlanýar. Olar diňe bir goýun sürüleriniň, öý-ojaklaryň goragçysy bolman, eýsem, ata Watanymyzyň serhediniň hem goragçylarydyr. Hünärmenleriň tagallasy bilen gulluk itlerine tälim berilýär. Olar synaglardan geçirilýär we serhet birikmelerine, serhet galalaryna ugradylýar.

Gökderäniň gözel künjeginde

Bars ýylynyň ilkinji günlerinde janly barslary gözüň bilen görüp, olaryň töweregi lerzana getiriji seslerini eşitmek isleýärsiňizmi?! Onda Köpetdagyň gözel dag gerişleriniň arasynda ýerleşen Janly tebigatyň milli muzeýine baraýmaly. Barsdan başga-da tebigatyň dürli ýabany janly-jandarlaryny synlamak bolýar. Ajaýyp dag gözellikleri bilen bir hatarda, ýaşyl begrese beslenen tokaý zolaklary we olardan bölünip çykýan arassa howa, gözýetimden görünýän, gurluşygy gyzgalaňly alnyp barylýan täze şäheriň — Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň eýýäm boýy ýeten binalary bu ýeriniň gaýtalanmajak gözelligini has-da artdyrýar.

Bars balasy

Goja awçynyň hekaýaty Bar zady ýatda saklap bolýarmy?! Bir jaýdar sözüň ýa-da nakylyň, şygyrdyr rowaýatyň ýada düşmesi üçin onuň ýeri-gezegi, ýagny «gepiň gerdişi» gelmeli.

Milli gymmatlyga sarpa

Düýn Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi binasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalarynyň, hususy itşynaslaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň 27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki jemleýji mejlisinde her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekmegi bilen bagly şatlykly waka bagyşlandy. Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny goramak we ony dünýäde giňden wagyz etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn özgertmeler alabaýlaryň tohumçylyk işiniň ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygy ösdürmek maksady bilen, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda degişli resminama gol çekilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmen alabaýy — wepadarlygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly kitabyny peşgeş berip, halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ornuny giňişleýin açyp görkezmek bilen, alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, olaryň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de saklanyşyny has-da içgin öwrenmäge şert döretdi. Türkmenistan türkmen alabaýlarynyň kemala gelen ýeridir. Ylmy maglumatlara görä, itleriň ýaşaýyş yzlary ýurdumyzyň iň gadymy ýerlerinde duş gelýär. Miladydan öňki VI asyr bilen senelenýän Jeýtun obasyndan itiň ystyhany tapyldy. Çaklamalara görä, şol döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde tohum itler ösdürilip ýetişdirilipdir. Şonuň ýaly-da, äpet, hyrsyz, ýasy tumşukly, dişleri syrtaryp duran, edil ýolbarsa meňzeş jandaryň boýunbagyndan tutup duran oglanjygyň keşbini köne Nusaý şähristanlygyndan tapylan we miladydan öňki II asyr bilen senelenýän şirmaýydan ýasalan şahpisint parfiýa badasynyň ýüzünde görmek bolýar.

Owadan hem ýyndam

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri bolan keýik maral, jeren ýaly sözler bilen atlandyrylýar. Olar owadan bolşy ýaly, ejiz hem bolýarlar. Şonuň üçin tebigat olary beýleki ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin ýyndamlyk bilen sylaglapdyr. Hiç bir ýyrtyjy olary kowup ýetip bilmeýär, eger bardy-geldi atanlykda büdräýmeseler. Keýikleriň beýleki sähra haýwanlaryna meňzemeýän ýene bir aýratyn üýtgeşikligi bar. Sähra haýwanlarynyň keýik owlagyndan başgasy dünýä gelen dessine aýak üstüne galyp bilmeýärler. Keýik owlagy bolsa dessine aýak üstüne galýar. Ilki büdreýär, ýykylýar, aýagy diýenini etmejek bolýar. Emma büdrese, dikelýär. Aýagy eplense, dogurlaýar, ilkinji ädimlerini ädýär. Enesi bolsa biraz ýöreýär, şonda owlak onuň yzyndan galmaýar. Biraz wagtdanam, entek ona çenli sanamankaň, ylgap başlaýar. Ana, şonda ony kowalap hem ýetip bolmaýar. Özem dünýä gelip, entek ene süýdünden datmadyk mahalynda şeýle bolýar. Elbetde, ýaňy dünýä inen keýik owlagynyň ýyndamlygyny beýleki ýaşly keýikler bilen deňeşdirip bolmaz. Muny beýleki ýyrtyjy haýwanlaram bilýän bolmaly. Olar aw edýän mahalynda, ilki bilen, keýik owlagynyň yzyna düşýärler.

Haýwanat dünýäsinden

Ýüpek gurçuklary 56 günüň içinde öz agramynyň 86 essesine çenli iýmit iýýärler. * * *

Balarynyň ähmiýeti

Balary diýenimizde bal göz öňümize gelýär, ýöne balarylar diňe bir bal öndürmek bilen çäklenmän, adamyň durmuşynda, tebigatda we biosferada uly orun eýeleýär. Balarylaryň ösümlikleri tozanlandyrmakda ähmiýeti örän uludyr — bu olaryň tebigatdaky esasy işidir. Balary bir uçuşynda 100-den gowrak dermanlyk, miweli we beýleki ösümlikleri tozanlandyrýar. Her gülden beýleki güle geçip, şerbetlerini ýygnap, nesillerini iýmitlendirýär. Teninde we aýaklarynda tozan bölejiklerini alyp geçirip, ösümlikleri tozanlandyrýar. Bu hadysa ösümlikleriň durnuklylygyna, hasylynyň bol bolmagyna uly täsir edip, olaryň sanyny köpeldýär. Alymlar bu ganatly zähmetkeşleriň ösümlikleri tozanlandyrmagynyň netijesinde, dünýä ykdysadyýetine ýylda 160 milliard dollar goşant goşýar diýen netijä gelýärler. Şonuň üçin hem, eger dünýäde ary maşgalalarynyň sany kemelse, onda dünýäde 20 müňden gowrak ösümlikleriň görnüşi ýiter.

Edermen türkmen alabaýy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly, gazan kelle, läheň göwre, aýy penje, şir ýürek alamatlary dünýä meşhur it tohumlarynyň arasynda diňe türkmen alabaýlaryna mahsusdyr. * * *

Guşlaryň dünýäsinden

Ýer ýüzünde guşlaryň 10 müňden gowrak görnüşiniň bardygy çaklanylýar. Olaryň ganatly, ganatsyz, ýelekli, uçup bilmeýän we beýleki birnäçe görnüşleri bar. Beýleki jandarlardan tapawutlylykda guşlar Ýer ýüzüniň ähli ýerinde diýen ýaly duş gelýärler. Olaryň käbir görnüşi baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirýäris. Gyzyl (gyrmyzy) kekeçli turako guşy

Meteorologyň gündeliginden

Hozuň gabygy, güýzde gawunlaryň, garpyzlaryň paçagy galyň bolsa, gyş sowuk bolar. * * *

Gulluk itleri — ynamdar ýoldaş

Häzirki wagtda ýurdumyzda köpeldilýän türkmen alabaýynyň tohumynyň arassalygyna pugta gözegçilik edilýär. Olar şu güne çenli hem çopanlardyr çarwalaryň iň ygtybarly kömekçisidir. Diýarymyzda türkmen alabaýlaryndan başga gulluk üçin niýetlenen itler hem köpeldilýär. Bu iş Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Gulluk itşynaslygy merkezinde giň gerimde amala aşyrylýar. Gulluk itleri bu merkeziň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär, terbiýelenýär. Merkezde olar üçin ýöriteleşdirilen meýdançalar bolup, dürli görnüşli päsgelçilikler, awtoulaglary, neşe serişdelerini gözläp tapmak endiklerini öwretmek üçin zerur enjamlar bilen abzallaşdyrylandyr. Dürli görnüşli päsgelçilikler itleriň bedenini berkitmäge, zerur ýagdaýda gabat gelen päsgelçiliklerden säginmän geçmek endigini öwretmäge niýetlenendir.

Owadan ördek (Täsin jandar)

Ördekleriň dürli görnüşleri bolup, köpüsi owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şol sebäpli adamlar ördegi gowy görýärler. Ördek multfilm gahrymanlarynyň, oýnawaç ördekleriň bolmagam ýöne ýerden däldir. Tebigy şertlerde ýaşaýan ördekleriň iň owadany Mandarin ördegi hasaplanýar. Dürli reňkli ýelekleri bolan bu ördekler, esasan, Ýaponiýada, Hytaýda we Russiýada ýaşaýarlar. Seýrek duş gelýän bu jandarlaryň sany o diýen köp däl. Guşlar maşgalasynyň ählisinde bolşy ýaly, olaryň horazlary has köp reňkli bolýar. Mandarin ördekleri kölleriň, derýalaryň golaýyndaky agaç köweklerinde höwürtge ýasanýarlar. Olar, esasan, ösümlikler hem-de tohumlar bilen iýmitlenýärler. Şeýle-de suwdaky kiçiräk balyklary we beýleki jandarlary hem awlaýarlar. Täsin hem owadan ýelekleri bilen tapawutlanýan bu ördekler öý şertlerinde hem saklanýar. Çüňki gyzyl, gözüniň gyralary ýarym Aý görnüşli ak, ýüzi we çekgeleri gyzylymtyl bolýar. Olaryň döşünden dikligine ak çyzyk geçýär. Reňkleri bolsa benewşe reňkli bolýar.

Türkmeniň saryja goýny

Saryja goýunlary ata-babalarymyz tarapyndan halk seçgiçiligi arkaly döredilendir. Bu mallaryň et-ýagy, ýüňi çykymly bolýar. Saryja goýunlaryndan bolan erkek toklular seçilenden soň, dört aý öri meýdanynda bakylanda we goşmaça iýmlenip, sekiz aýlyk bolanda, olaryň diri agramy 43-44 kilograma, et-ýagynyň agramy 22-23 kilograma ýetýär. Biçilen işşekler öri meýdanlarynda goşmaça iýmlenip bakylanda, olaryň diri agramy 50-51 kilograma ýetýär, et-ýagynyň çykymy hem 50-51 göterim bolýar. Bu goýunlaryň et-ýag almak üçin baga bakmaga has amatlysy 5-6 ýaşlaryndakylarydyr.

Sumbar jülgesiniň bezegi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň, köpeltmegiň, geljekki nesillere ýetirmegiň şu günki günüň wajyp meseleleriniň biridigini nygtaýar. ªundan ugur alnyp, ýurdumyzda ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ýöredilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Guşlar — gözel tebigatymyzyň bezegi, şolar bilen tebigat gözelligi özboluşlylyga eýe bolýar. Olar özleriniň daşky görnüşi, ýaşaýyş aýratynlyklary bilen gadymy döwürlerden bäri adamlaryň üns merkezinde bolupdyr. Dogrudan-da, olar — örän gözelligi we ýakymly owazy bilen özüne çekiji, haýran galdyryjy, ruhuňy göteriji. Guşlar dünýäde haýwanlaryň iň işjeň hereketli topary bolup, olar zeminiň ähli ýerlerinde: obadyr şäherlerde, tokaýlardyr çöllüklerde, gury ýerlerdir köllerde, deňizlerde, daglarda, daglaryň gowaklarynda mekan tutýarlar.

Guşlar gyşlamaga gelýär

Guşlaryň gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Hazar sebitiniň türkmen kenary suw we batgalyk guşlarynyň uçup geçýän ýollarynda ähmiýetli ýerleriň biri bolup, onuň ýyly howasy, baý iýmitli suw ýataklary dürli görnüşli guşlary özüne çekýär. Müňlerçe suw we batga guşlary arly gyşy şu ýerde geçirýärler. Guşlar, esasan, Hazaryň kenarýakasynyň günorta-gündogar bölegindäki Türkmenbaşy, Balkan, Mihaýlowsk we Demirgazyk Çeleken aýlaglarynyň çäklerine ýaýraýarlar. Munuň esasy sebäbi sebitiň asudalygy we guşlar üçin iým gorunyň bolçulygydyr. Guşlaryň rahat gyşlamagy üçin goraghananyň işgärleri öňünden taýýarlyk görýärler. Guşlaryň gyşlamaga gelýän döwri deňiz giňişligine ser salsaň, göwnüň göterilip, kalbyň joşa gelýär. Gyşlamaga üýşen guşlary göreniňde, haýran galýarsyň. Süri-süri gyzylgazlar gülgün reňkli bulutlar ýaly görünýär. Kenarýaka zolakda köp sanly sakarbaraklaryň, guwlaryň, ýaşylbaş, jygaly we jünekeý ördekleriniň, reňki we biologiýasy täsin uly gyzyl ördekleriň we alagazlaryň iýmlenip ýörenlerine gözüň düşende, ajaýyp tebigatyň gözelligine guwanýarsyň.

Kebelekleriň dünýäsi

Mähriban çagalar, dünýädäki iň owadan hem-de iň ejizje jandar näme diýilse, hemmejäňiz «kebelek» diýip, jogap berersiňiz. Dogrudan hem, kebelekleriň dürli reňkli ganatlaryndaky nagyşlaryň owadanlygy, olaryň howada pel-pelläp gaýyp ýörşi hemmeleriň kalbyny joşdurýan bolsa gerek. Amerikanyň Florida ştatynda ýerleşýän «Kebelekleriň dünýäsi» diýlip atlandyrylýan seýilgäh dünýädäki iň täsin hem-de ýakymly ýerleriň biridir. Bu ýerde ýigrimi müňden gowrak kebelejikler ýaşaýar we bu täsin jandarlaryň gözelliginden lezzet almak isleýän islendik adam giriş petegini alyp, seýilgähde seýil edip bilýär.