Türkmen alabaýy — wepadarlygyň nyşany

29 Dekabr 2021
3199

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly kitabyny peşgeş berip, halkymyzyň durmuşynda we ykbalynda alabaýlaryň eýeleýän ornuny giňişleýin açyp görkezmek bilen, alabaýlara bolan milli gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, olaryň ösdürilip ýetişdirilişini hem-de saklanyşyny has-da içgin öwrenmäge şert döretdi.

Türkmenistan türkmen alabaýlarynyň kemala gelen ýeridir. Ylmy maglumatlara görä, itleriň ýaşaýyş yzlary ýurdumyzyň iň gadymy ýerlerinde duş gelýär. Miladydan öňki VI asyr bilen senelenýän Jeýtun obasyndan itiň ystyhany tapyldy. Çaklamalara görä, şol döwürlerde Türkmenistanyň çäklerinde tohum itler ösdürilip ýetişdirilipdir. Şonuň ýaly-da, äpet, hyrsyz, ýasy tumşukly, dişleri syrtaryp duran, edil ýolbarsa meňzeş jandaryň boýunbagyndan tutup duran oglanjygyň keşbini köne Nusaý şähristanlygyndan tapylan we miladydan öňki II asyr bilen senelenýän şirmaýydan ýasalan şahpisint parfiýa badasynyň ýüzünde görmek bolýar.

Amangeldi HOMMAKOW,
Baýramaly etrap hassahanasynyň terapiýa bölüminiň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.