Balarynyň ähmiýeti

20 Dekabr 2021
2789

Balary diýenimizde bal göz öňümize gelýär, ýöne balarylar diňe bir bal öndürmek bilen çäklenmän, adamyň durmuşynda, tebigatda we biosferada uly orun eýeleýär.

Balarylaryň ösümlikleri tozanlandyrmakda ähmiýeti örän uludyr — bu olaryň tebigatdaky esasy işidir. Balary bir uçuşynda 100-den gowrak dermanlyk, miweli we beýleki ösümlikleri tozanlandyrýar. Her gülden beýleki güle geçip, şerbetlerini ýygnap, nesillerini iýmitlendirýär. Teninde we aýaklarynda tozan bölejiklerini alyp geçirip, ösümlikleri tozanlandyrýar. Bu hadysa ösümlikleriň durnuklylygyna, hasylynyň bol bolmagyna uly täsir edip, olaryň sanyny köpeldýär. Alymlar bu ganatly zähmetkeşleriň ösümlikleri tozanlandyrmagynyň netijesinde, dünýä ykdysadyýetine ýylda 160 milliard dollar goşant goşýar diýen netijä gelýärler. Şonuň üçin hem, eger dünýäde ary maşgalalarynyň sany kemelse, onda dünýäde 20 müňden gowrak ösümlikleriň görnüşi ýiter.

Yhlas ANNAWELIÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary.