"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pugtama

Jähekleriň başky we soňky uçlaryny birikdirmekde, tahýalaryň depesini etegine birikdirmekde-de şol ýere salynýan nagyşlara pugtama diýilýär. Çabytlaryň, begresleriň, kürteleriň, çyrpylaryň, donlaryň ýartmaçlarynda, kürtekçelerde, aýak geýimlerde, ýakalarda, ýeňlerde-de pugtamalary synlamak bolýar. Pugtama nagyşlary dürli-dürli bolup, olaryň käbirleri dikligine, keseligine, gyýtak çigme sanjymlar görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Taradan çykýan çabytlyk keteniler

Aklymallaýy keteni — beýleki ketenilerden tapawutlylykda, akly zolagy ýiti bolýar. Bu keteniden gyz-gelinler çabyt geýinýärler. Sarysy öçügsi çabytlyk keteni — bu keteniniň sarysy gyzardylyp boýalýar. Gelinlere niýetlenip dokalýar. Gelinler bu keteniden çabyt tikinip geýinýärler.

Eltili gelin engamly «Orun don» toý däbi hakynda söhbet

Gyşyň iniňi düýrükdirýän sowujak howasyny balalary baradaky arzuwlary bilen ýylatmak isledimi, nämemi, Maýsa gelin işden gelşine, gaýynenesine matlabyny beýan etdi: — Enesi, alty aý diýeniň hä diýmän geçer. Täze ýylyň bir ujundan kertilip ugransoň, derrew ýaz aýy geler-de, ekiş diýersiň, ýekelemä haýdarsyň, nädip tomsuň golaýlanyny bilmän galarsyň. Şu gün arkaýynlykda ýene-de bir gezek gelnimize niýetlän bukjamyzy ine-gana gözden geçiräýeliň — diýdi. Bu mährem sözler Ýazjemal daýzany edil gelnalyja giden mähelläni alkyşlaýan pursadyna ýetirdi: «Diliňe döneýin balam, sag-aman gelniňi getirip, öýe salmak, agtyk-çowluk söýmek saňa nesip etsin, Alla jan! Agtyk gelnimiň elinden çaý içmek, hyzmatyny görmek maňa-da nesip etsin-dä, hernä!»

Gözel gölleriň öwüşgini

Türkmen halysy gözellik dünýäsi. Onda türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaýlasy, dag-deresi, jülgeleri, baglary al-elwan reňkleriň üsti bilen şöhlelendirilýär. Türkmen halysynyň taýsyz gözelligi hakdaky oý-pikirler bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine ýetenimi duýman galypdyryn. Paýtagtymyza aýratyn ýaraşyk berip duran muzeý bäş bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde has gadymy halylar we haly önümleri ýerleşdirilipdir. Muzeýiň ikinji bölüminde Balkan, Ahal we Daşoguz welaýatlaryna mahsus bolan halylar bezeýär. Üçünji bölümde özüniň ajaýyp görki bilen haýrana goýýan äpet halylar gözüňi dokundyrýar. Dördünji bölümde Mary we Lebap welaýatlarynyň halylary, bäşinji bölüm bolsa «Galkynyş» diýip atlandyrylyp, ene-mamalarymyzdan gelýän däpleri dowam etdirip, ajap zamanamyzda täze-täze nagyşlar bilen baýlaşdyrylan halylar ýerleşdirilipdir.

Halkymyzyň asylly däpleriniň beýany

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň taryhy wakalaryna beslenen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň çap edilmegi halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, milli dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

«Kakam henizem 32 ýaşynda...» 81 ýaşly enäniň şeýle sözler bilen başlanýan söhbedi kalbyňda tolgunma döredýär...

«Watan» diýlende, her bir ynsanyň göz öňünde juda ajaýyp hem owadan görnüş janlanýan bolsa gerek?! «Watan» diýlende, käbir adamyň serine gül-gülälekli dag-düzlerimiz, käbirleriniňkä belent-belent ymaratly şäherlerimiz gelýän bolsa, kimler üçin Watan — ähli eziz zatlary goýnunda saklap oturan barlyk, ümmülmez ýeňişlere beslenen geljek, iň mähriban ynsanlardyr. Hawa, her birimiz üçin «Watan» diýlende döreýän mähriban hem ýakymly duýgular bar. Ýöne haçan-da, «Watan» diýlende, parahatçylygyň goragy üçin serhet aşyp giden mähriban pederiň keşbi, ondan galan ýalňyz ýadygär surat kimin gözleriňde janlanýan bolsa, onuň ýürekde döretjek duýgusy hem juda üýtgeşikdir. Onda-da, hakydaňda galan şol mähriban keşp, Watan üçin janyny orta goýup, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymanlyk görkezen gerçegiň harby lybasly keşbi bolsa... Ynha, şeýle çuňňur duýguly kalbyň eýeleriniň biri-de Enetäç Hajyýewa. 81 ýaşyny doldursa-da, kakasynyň — Ata Geldimyradowyň harby lybasdaky keşbi henizem hakydasyndan gitmedik bu enäniň gürrüň berjek ýakymly ýatlamalary hemmeler üçin hem tolgundyryjy bolsa gerek...

Türkmeniň milli mukaddeslikleri

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýaş nesli watansöýüjilik, wepadarlyk, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde iňňän gymmatly gollanmadyr. Şundan ugur alyp, kitapdaky şu dürdäne pähimleri okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Zeminiň abatlygy — dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy.

Medeni gymmatlyklaryň hukuk goraglylygy

Medeni mirasy goramak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýedir. Taryhy-medeni mirasy goramagyň konstitusion hukuk kadalary hem-de bu ugurdaky kanunlaryň düzgünleri medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, gorap saklamagyň kadalaryny hem-de düzgünlerini özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle namalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi bilen baglanyşykly resminamadyr. Onda ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Munuň üstüni ýetiren möhüm ähmiýetli hukuk namalarynyň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda» Kararydyr. Bu resminama ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kararyň 1-nji bendine laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen yla

Muzeý gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýeti

Ata-babalarymyzyň galdyryp giden golýazmalaryna, taryhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna nazar aýlasaň, türkmen halkynyň geçmişde ençeme şöhratly döwletleri gurandygyna, öz mukaddesliklerini apalap saklandygyna göz ýetirýärsiň. Taryhyň syrly sahypalaryna näçe içgin aralaşdygyňça, ata Watanyň abadanlygy, il-günüň asudalygy üçin göreşen merdana gerçekleriň, ady älem içre ýaň salan şahsyýetleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Diýmek, türkmen halkynyň öz geçmişine buýsanmaga ynamly gadamlar bilen öňe gitmäge doly haky bardyr. Hawa, geçmişde ýagty geljege umyt baglap, nesilleriň erkinligine ýetmegini arzuwlan ata-babalarymyzyň ýagşy hyýallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Pederlerimiz dünýäniň parahatçylygyny ömürboýy köňüllerinde göteripdirler. Ertirlerimiziň eýeleri boljak ýaşlary ata Watana bolan söýgi, şeýle hem milli gylyk-häsiýetlerimiziň ruhunda has kämil derejede terbiýelemekde Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki belli şahslarymyzyň akyl-paýhasa, öwüt-ündewe ýugrulan eserlerine salgylanmak örän täsirlidir. Çünki taryhda öçmejek yz galdyran merdana şahslarymyzyň eserleri, milli mirasymyz, taryhy gymmatlyklarymyz şahsyýetiň sazlaşykly kemala gelmegini wagyz edýär.

Nagyşlary özboluşly şaý-sepler

Türkmeniň zergärçilik sungaty älemgoşar ýaly köp görnüşlidir. Ol milli sungatymyzyň düýp mazmunyna, onuň döreýiş we ösüş taryhyna düşünmäge ýakyndan ýardam edýär. Ata-babalarymyz şaý-sepleri, esasan, kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümşüň saglyga peýdasy gadymdan bäri mälimdir. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşygyny sazlamaga kömek edýär. Zergärler aýal-gyzlar, atlar üçin örän ajaýyp şaý-sepleri ýasapdyrlar. Gyzlara, gelinlere, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr. Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük, apbasy gyzlara degişli şaýlar bolsa, asyk, saçýüzi, maňlaýlyk, bilezik, çapraz-çaňňa gelinlere degişli şaýlar hasaplanypdyr. Ýaşy birçene baran zenanlar düwmeleri, şelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly şaýlary dakynypdyrlar. Şaý-sepler çagalara-da dakylypdyr. Oglanjyklar üçin ok-ýaý şekilli şaýlar, gyzjagazlar üçin düwmeler, dogaçyr ýasalypdyr.

Agsak towuk

Bu oýun sport meýdançasynda ýa-da sport zalynda geçirilip bilner. 30-40 metr aralykda iki sany parallel çyzyk çyzylýar we ähli oýunçylar üç-üçden bölünişýärler. Her üçlükde iki oýunçy biri-biriniň elinden tutýar. Üçünji oýunçy bolsa olaryň tutuşan elleriniň üstüne bir aýagyny goýýar. Oýny alypbaryjynyň rugsady boýunça üçlükler pellehana tarap (garşydaky çyzyga) ylgaýarlar. Ilki bolup pellehana baran üçlük ýeňýär. Eger ortadaky oýunçynyň iki aýagy ýere degse, onda şol üçlük ýeňilýär. Ortadaky oýunça iki çetki oýunçynyň egninden asylmak bolmaz. Oýun ikinji gezek gaýtalananda, ortaky oýunçyny ony ellerinden göterip äkiden (çetki) oýunçylaryň biri bilen çalyşmaly. Oýun ylgamak endiklerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Toparlaýyn oýnalýan bu oýun orta synplaryň okuwçylary bilen guralsa, has-da gyzykly bolar.

Mirasym — mertebäm

Senetçilik ýoly dowam edýär Maşat aganyň nebereleri Üstýurt gyrynyň üstünde howalanyp oturan Döwkesen galasynyň golaýyndaky adybir Döwkesen obasynda uly bir syrgyn bolup otyrdy. Ogulnabat nesil daragty şaha ýaýradan şol döwletli maşgala körpe gelin bolup düşdi. Tizdenem ol çarwa obasynyň durmuşyna uýgunlaşyp, gelen öýüniň asylly maşgala däplerine eýerip, oňa alaçaly ýag ýaly siňişip gitdi.

«Ogar-ogar» oýny

Köpçülik bolup oýun oýnamak boş wagtyňa many gatýar, kyn pursatlarda çykalga tapmagy öwredýär, akyl-paýhasyňy, güýjüňi artdyrýar, daşarky täsirlere duýgurlygyňy çaltlandyrýar. Oýunlar hereketiň adama mahsus bolan özbaşdak görnüşi bolup, jemgyýetiň ösüş taryhynyň dowamynda ýyldan-ýyla kämilleşip gelýär. Şeýle oýunlaryň biri hem «Ogar-ogar» oýnudyr. Bu oýun hereketli oýunlaryň hataryna girmek bilen, 7-10 ýaşly çagalaryň arasynda oýnalýar. Bu oýunda oýunçylaryň sany on, on bäş, ýigrimi töwerek bolmaly. Oýunçylaryň içinden «goýun» we «möjek» saýlanylýar. Munuň üçin çagalaryň içinden iň ekabyrragy, dogumlysy saýlanýar. Galan oýunçylaryň hemmesi «goýun» bolýar. Goýunlar biri-biriniň guşagyndan (arka tarapyndan) tutup, çopanyň arkasynda hatara durýarlar. Ýagny hatara duranlaryň iň öňünde durany çopan bolýar, hatar bolsa goýun sürüsi. Çopanyň öňünde durup, yzyndaky goýunlary aljak bolup garawullaýan bolsa möjekdir.

Şirmaýy darak

Daragyň nämedigini bilmeýän ýokdur. Metaldan, tagtadan, dürli polimer önümlerinden ýasalan daraklar bize tanyş. Biz olary her gün saçymyzy daramak üçin ulanýarys, emma «Şirmaýy darak» diýen sözi eşiden hem bolsak, onuň nämedigini anyk göz öňüne getirip bilmeýäris. Ýogsam, edebiýat sapagynda öwredilen, Mollanepes şahyryň aýdyma öwrülen meşhur goşgusyndaky «Şirmaýy darakyňdan» diýen jümleden habarymyz hem bar. Şirmaýy daragyň nähili darakdygy dogrusynda oýlanyp gördüňizmi?! Mälim bolşy ýaly, geçmişde metaldan, polimerden ýasalan daraklar bolmandyr. Seýrek ýagdaýlarda kümüşden, misden ýasalan daraklar bar hem bolsa köplenç, kerkaw, tut, erik ýaly gaty agaçlardan, şirmaýydan ýasalypdyr.

Edebi mirasymyzda adalgalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty we pähim-paýhasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan belent ösüşler eziz Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle ýokary ösüşleri gazanmakda milli ykdysadyýetimizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik özgertmeleriň we täzelenişiň ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy, medeniýeti, ykdysadyýeti, oba hojalygyny ösdürmekde ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Halkyň durmuşynda, ylmynda, medeniýetinde we beýleki ugurlarda bolup geçýän özgerişlikler onuň ene diliniň sözlük düzüminiň, şol sanda ylmy adalgalaryň ösmegine hem kadalaşmagyna belli bir derejede täsirini ýetirýär.

Ýusup Balasagunlynyň «Kutadgu bilik» eserinde nesil terbiýesi

Orta asyr türkmen taryhyndaky möhüm eserleriň biri hem XI asyrda ýaşan Ýusup Has Hajyp Balasagunlynyň “Kutadgu bilik” atly eseridir. Ol gadymy ýazuw ýadygärliklerimizde iň gymmatly eser hasaplanylýar. Şahyr eserini Balasagunda ýazmaga başlapdyr we Kaşgarda tamamlapdyr. 1069 — 1070-nji ýyllarda eserini tamamlan şahyr, bu eserini Garahanly türkmen döwletiniň hökümdary Süleýman Arslan Hakanyň ogly Tawgaç Ulug Bugra Hana sowgat edipdir. Garahanly hökümdary bu eseriň gymmatyny göz öňünde tutup, şahyra köşkdäki wezipeleriň iň naýbaşysy hasaplanylýan “Has Hajyplyk” derejesini beripdir. Sebäbi Garahanly türkmen döwletinde köşkde hökümdardan soňra iň möhüm ikinji wezipe “Has Hajyplyk” bolupdyr. Döwlet dolandyrylyşynda bolsa “Has Hajyplyk” derejesi hökümdar we wezir derejelerinden soňra üçünji möhüm wezipe bolupdyr. Garahanly türkmen döwletinde “Has Hajyp” hökümdar bilen halkyň aragatnaşygyny ýola goýupdyr. Halk “Has Hajybyň” üsti bilen arzuw-isleglerini döwleti dolandyryjylara ýetiripdir. “Kutadgu bilik” eseri syýasatnama görnüşinde ýazylandygyna garamazdan, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly maglumatlary hem özünde jemländigini göz öňünde tutup, nesihatnama ýa-da pentnama görnüşinde hem beýan edilýär. Ýusup Balasagunlynyň eseriniň esasy maksady ynsanlary bagtly bolmaga eltýän ýoly tapmakdyr. “Kutadgu bilik” eserinde nesil terbiýesi babatynda hem gymmatly maglumatlar öz ornuny tapypdyr.

Milli gymmatlyklarymyz

Halkymyzyň baý taryhy we medeni ýadygärlikleri bar. Olarda halkymyzyň geçmiş taryhy jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen biz şol mirasymyzy häzirki günde ylmy esasda öwrenýäris. Şunda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary ýakyn gollanma bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlarynyň taryhy, ol baradaky edebi-çeper gymmatlyklar we ylmy maglumatlar beýan edilýär. Bu taryhy maglumatlar biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň tapyndylary baradaky gürrüňlerini: «Türkmen tohum iti alabaý hakynda dürli döwürlerde ýandepderçäme ýazyp alan belliklerim» atly bölüminde beýan edýär. Bu bölümde berlen ýazgylar Gahryman Arkadagymyzyň ýygnan ylmy maglumatlarynyň çuňňur beýany diýip bellemek gerek. Bu taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, itleriň ýaşaýyş durmuşynyň yzlary Türkmenistanyň iň gadymy obalarynda duşýar. Olar barada kitapda şeýle beýan edilýär: «Gadymy Jeýtun obasynda (Ahal welaýaty), miladydan öňki VI asyrda jaýlanan itiň ystyhany ýüze çykarylýar, onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde örän uly itlere eýe bolandyklaryna şaýatlyk edýär».

Söz manysyn aňar bolsaň...

«Dilim bar – dünýäm bar» diýen pähimden görnüşi ýaly, gadymy türkmen diliniň söz baýlygyny we söz goruny nesillerimize miras goýan pederlerimiz dili ruhy gymmatlyk hasaplapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen käbiri sözler köpelipdir we ulanylyşdan galyp, arhaizme öwrülipdir. Häzirki döwürde olara nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde, mirasgär ýaşuly nesillerimiziň sözlerinde gabat gelmek bolýar. Käbir söz düzümlerine bolsa, oba hojalygynda häli-häzirem duş gelmek bolýar. Ýeri «doňuz göz etmek»

Oýmak

Oýmagyň ilkinji dörän görnüşleri häzirki görnüşinden tapawutly bolsa-da, ulanyş maksady birmeňzeş – elde tikin tikilende süýem barmagyňy iňňäniň deşmeginden goramak. Pompeýde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan oýmaklar iň gadymy nusga hasaplanyp, häzirki zaman nusgalaryna meňzeýär. Ilkinji hytaý oýmaklary miladydan öňki III asyrda galyň deriden ýasalypdyr. Soň-soňlar misden we bürünçden ýasalyp başlanypdyr. Şol döwürde barly adamlar oýmagy kümüşden we altyndan ýasadypdyrlar. Oýmagyň bürünçden ýasalan görnüşi ilkinji gezek XIV asyrda Germaniýada ýüze çykypdyr. Şondan soň önümçilik işi diňe ýyllaryň dowamynda kämilleşipdir.

Edebi miras — kämillige ýörelge

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent ruhly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynda wajyp wezipe hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, halkymyza wepaly, ylymly-bilimli şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Munuň üçin, ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de bu işi amal etmekde çeper edebiýatyň hem tutýan ornuna uly ähmiýet berilýär. Çünki çeper edebiýat ýaş nesli Watana, il-halka wepaly, tutanýerli, maksada okgunly, arassa ahlakly, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde esasy çeşmeleriň biri bolup durýar. Halkymyzyň döreden her bir eserinden dost-doganlyk, watançylyk, ynsanperwerlik, umuman, ähli döwürler üçin ähmiýetli bolan düşünjeler, garaýyşlar eriş-argaç bolup geçýär. Bu pikirler häzirki döwrüň türkmen edebiýatynda has giň gerim alyp, täzeçe röwüşde şöhlelenýär. Hususan-da, dörediji Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän, milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan eserleriň ençemesi bar. Olardan «Döwlet guşy» romany, «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplar ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde